Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýranyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabýan kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Eýranyň Energetika ministrliginiň resmi saýtynda hem bellenilip geçilişi ýaly, Aşgabatdaky gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyldy. Energetika ministri Ali Akbar Mehrabýan habarçylara beren beýanatynda Türkmenistan bilen möhüm ylalaşyklary baglaşmagy meýilleşdirýändiklerini belledi.
Aşgabatdaky gepleşiklerde iki ýurduň arasynda elektrik energiýasynyň iberilmegi, Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň üstaşyr iberilmegi, Harirud we Etrek derýalarynyň çuňlaşdyrylmagy, Eýran-Türkmenistan-Owganystan arasynda üçtaraplaýyn yalalşygy taýýarlamak babatda pikir alyşmalar boldy.