DÜNÝÄ

Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber prezidentiň ygtyýarlyklaryny alyp barar

Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber ýurtdaky geçiriljek prezident saýlawlaryna çenli prezidentiň ygtyýarlyk wezipelerini alyp barar. Mälim bolşy ýaly, Eýranyň Prezidenti Sayeý Ebrahim Raisi Azerbaýjan bilen Eýranyň serhedindäki suw bendiniň açylyş dabarasyndan soňra yzyna gaýdyp gelýärkä, dikuçar heläkçiligi zerarly aradan çykypdy.

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikaysnyň Konstitusiýasynyň 131-nji maddasyna laýyklykda, ýurduň prezidenti aradan çykan halatynda onuň wezipe ygtyýarlyklary birinji wise-prezident tarapyndan ýerine ýetiriler.

Ýurduň Mejlisiniň Başlygy we kazyýet ýolbaşçylaryndan, şeýle hem birinji wise-prezidentiň gatnaşmagyndaky geňeş 50 günden gijä galman, ýurtda prezident saýlawlaryny guramagy göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde USAID-yň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Wengriýada ahalteke atlarynyň görkezme çykyşlary geçirildi

ABŞ-nyň Türkmenistana bellenen ilçisi Elizabet Rud kasam kabul etdi

Donald Tramp resmi taýdan prezidentlige dalaşgär görkezildi

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi