TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Eýranly hünärmen Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Eýranly hünärmen Reza Ýazdani Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada “orient.tm” neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Sport göreş federasiýasynyň habar bermegine görä, dünýäniň 2 gezek çempiony Reza Ýazdany we kömekçileri türkmen pälwanlaryny 2023–nji ýylda Aziýa oýunlaryna hem-de 2024-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrlaryna taýýarlar.

Ýazdani bilen onuň kömekçiler Asgar Bazeri we Mansur Ispailpur türkmen göreşçilerine tälim berer.

38 ýaşyndaky eýranly tälimçisi 2011-nji we 2013-nji ýyllarda dünýä çempiony boldy. Ol 3 gezek Aziýa oýunlarynyň we 3 gezek Aziýanyň çempionatynyň çempionydyr.

Ol ilki başda 84 kilogram agramda ýaryşyp, soňra has agyr agramlarda bäsleşdiler.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýapon tälimçi Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy.

Ýene-de okaň

“Bawariýadan” rekord: 11-nji gezek yzly-yzyna çempion boldy

«Arkadag» futbol topary 24 utuk toplady

Türkmenistanyň Aziýa Kubogy-2024-däki garşydaşlary belli boldy

Teswirle