DÜNÝÄ

Eýranda prezident saýlawlary: 80 dalaşgär hödürlendi

Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary üçin dalaşgärleri hasaba almak tamamlandy. Ýurduň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň biwagt aradan çykmagy zerarly şu ýylyň 28-nji iýunynda Eýrandan nobatdan daşary prezident saýlawlaryny geçirmek bellenildi.

Şoňa laýyklykda, ýurduň saýlaw topary 14-nji prezident saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildiren dalaşgärleri hasaba aldy.

Eýranyň metbugat gulluklarynyň habayrna görä, dalaşgärleri hasaba almagyň soňky gününde 43 adam dalaşgärligini hödürledi. Şeýlelikde, 5 günüň dowamynda Eýranyň prezidenti wezipesine dalaş etmek isleýän 80 adam ýüz tutdy.

Olaryň hatarynda Eýranyň ozalky prezidenti Mahmud Ahmedinejad, häzirki hökümetiň düzümindäki 3 ministr, 13 sany ozalky ministrler, 38 sany deputat bar. Şol dalaşgärleriň hatarynda 4 sany zenan dalaşgäriň bardygy hem bellenildi.

Parlamentiň ozalky başlygy Ali Larijani we häzirki başlygy Mohammad Bager Galibaf hem dalaşgärleriň arasynda bar.

Ýurduň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Mohber saýlawlara gatnaşmajakdygyny ozaldan mälim edipdi.

Şeýlelikde, Eýranyň Konstitusiýasyny goargçylar geňeşi dalaşgärleriň arasyndan saýlap seçip alyş işini geçirer we nobatdan daşary saýlawlara gatnaşjak dalaşgärleriň gutarnykly sanawy mälim ediler.

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy