DÜNÝÄ

Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň biwagt aradan çykmagy zerarly ýurtda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny 28-nji iýunda geçirmek göz öňünde tutuldy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň saýlaw toparynyň metbugat sekretary Mohsen Eslami habar berdi.

Şeýlelikde, 28-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynda 14-nji gezke prezident sdaýlawlary geçiriler. Şonuň üçin 28-nji maýda dalaşgärleri hasaba alyş işlerine girişiler.

Prezident Raisiniň aradan çykmagy bilen ýurtda kanun çykaryjy, kazyýet we ýerine ýetiriji edaralaryndan ybarat bolan geňeş döredilip, şol geňeşe 50 günüň dowamynda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny geçirmek işlerini guramak tabşyryldy.

Dalaşgärler 30-njy maýdan hasaba alnyp başlanar we dalaşgärler 12-27-nji iýun aralygynda saýlawçylary bilen duşuşarlar.

Häzirki wagtda Eýranyň Prezidentiniň birinji orunbasary Mohammad Mohber prezidentiň ygtyýarlyklaryny alypň barýar. Ýurtda bolup geçen pajygaly wakany seljermek üçin ýörite topar döredildi.

23-nji maýda biwagt aradan çykan Prezident Raisi özüniň dogduk mekany bolan Maşatda jaýlanar.

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy