DÜNÝÄ

Eýranda Magtymguly Pyraga bagyşlanan medeni sergi geçirildi

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (EKO) Medeniýet institutynyň gurnamagynda, bu guramanyň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni sergi geçirildi.

Bu çärä EKO-nyň Medeniýet institutynyň Prezidenti jenap Saad Khan, Eýranyň Medeni eserler we ýadygärlikler birleşiginiň wise-prezidenti doktor Alireza Habibi, “AVA” halkara diplomatik žurnalynyň Tährandaky wekilhanasynyň müdiri Mohammadreza Nazari, Eýrandaky Türkmen medeniýet öýüniň müdiri Ali Rähbär, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler hem-de Medeniýet we yslam gollanmasy ministrliginiň wekilleri, şeýle hem ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Çäräniň açylyş dabarasynda EKO-nyň Medeniýet institutynyň Prezidenti jenap Saad Khan hem-de Ilçihananyň birinji sekretar-konsuly A.Baýramow dabaraly çykyş edip, olar öz çykyşlarynda 2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigi we şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreleriň we baý edebi mirasyna bagyşlanan sergileriň geçirilýändigini nygtap geçdiler.

Şeýle-de medeni çäräniň dowamynda gatnaşyjylar tarapyndan türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary aýdym-saz bilen mazmunly okalyp, akyldaryň gelip çykyşy hem-de döredijiligi barada nygtalyp geçildi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan türkmen halkynyň milli sepgitlerine we gadymy baý mirasyna uly gyzyklanma döräp, olar ýurdumyzyň medeniýeti bilen içgin tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy