TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Eýran we Argentina BRIKS-e agza bolmak üçin ýüz tutdy

Eýran bilen Argentina BRIKS guramasyna agza bolmak üçin ýüz tutdy. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa habar berdi.

Şol bir wagtda Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Said Hatibzade hem Eýranyň bu gurama agza bolmak üçin ýüz tutandygyny belledi.

Russiýa guramanyň agzalarynyň sanynyň artdyrylmagyna oňyn garaýar. Geçen hepde Hytaýyň ýolbaşçylygynda BRIKS-iň 14-nji sammiti geçirildi.

BRIKS guramasy – Hytaýyň, Russiýanyň, Braziliýanyň, Hindistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň gatnaşmagyndaky guramadyr.

 

Garet Beýl futbol ýoluny Amerikada dowam etdirer

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle