TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Eýran esasy baýramlarynyň birini belledi

Hezreti Ymam Homeýniniň baştutanlygyndaky Eýranyň Yslam Ynkylabynyň dabaraly ýeňşinden bäri dört onýyllykdan gowrak wagt geçdi. Şu döwür içinde Eýran Yslam Respublikasy dürli ugurlarda, şol sanda halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy babatda möhüm ösüşleri we üstünlikleri gazanmagy başardy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň beren beýanatynda bellenilip geçilýär.

Daşary syýasat boýunça Eýran Yslam Respublikasy öz Baş Kanunynda beýan edilen ýörelgeleriň esasynda dünýä bilen parahatçylykly gatnaşyklara, bilelikde parahatçylykly ýaşamaklyga, iki we köptaraplaýyn ähtnamalara hormat goýmaklyga we halkara derejesindäki gumanitar goldawlara has ähmiýet berdi.

Eýran Yslam Respublikasy ynanyşmagy emele getirmegiň we dünýä bilen, ylaýta-da goňşy we sebit ýurtlary bilen konstruktiw hyzmatdaşlygyň esasynda daşary syýasatda deňlik we hormat goýmak ýörelgeleri ugrunda tagalla edip geldi. Goňşy ýurtlar bilen iki taraplaýyn gatnaşyklarda Eýran Yslam Respublikasy hemişe bu gatnaşyklaryň mümkin boldugyça köpräk ösdürilmeginiň we dürli ugurlardaky konstruktiw hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň tarapdary boldy.

Eýran özünde dürli tebigy baýlyklaryň, şol sanda nebitiň we gazyň gorlary barada bolsa, ol ylma esaslanýan ykdysadyýet pudagynda uly ädimleri ätdi we sütün öýjükleri boýunça dünýäde ikinji, nano senagaty boýunça dördünji, emeli hemralary uçurmak tehnologiýasyna eýe bolan on bir ýurduň hatarynda we biotehnologiki önümçilik boýunça bolsa 13-nji orunda durýar.

Koronawirus ýokanjynyň dünýä derejesinde ýaýramagy bilen ýaş eýranly alymlar koronawirusy anyklaýyş toplumlaryny (PCR) öndürmegi başardylar. Täzelikde bolsa ol kesel bilen kesellän adamlary anyklamak üçin 20 minutda netijesi belli bolýan anyklaýyş toplumynyň täze neslini öndürip başladylar.

 

Şeýle hem, ýurduň geljegini döredijiler bolan ýaş-ýetginjek hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek we höweslendirmek, hem-de ýaşlaryň zehinleriniň we başarnyklarynyň açylmagy we ösdürilmegi üçin şertleri döretmek Eýran Yslam Respublikasynyň strategiki maksatnamalarynyň hataryna girýär.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary, Eýranyň Ruhy Lideriniň beýan edişi ýaly diňe bir goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ýokarda bolup, garyndaşlyk gatnaşyklaryna daýanýar we onuň çuňňur kökleri iki ýurduň dost we dogan halklarynyň arasyndaky taryhy, medeni, geografiki, etniki we dini umumylyklardan gözbaş alyp gaýdýar.

Şu ýyl iki ýurt Tähran bilen Aşgabadyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň Eýranda Yslam Ynkylabynyň üstün çykmagynyň günleri bilen gabat gelýän 30 ýyllygyny baýram edýär. Iki ýurduň syýasy ýolbaşçylarynyň erk-isleginiň saýasynda gatnaşyklar iň ýokary derejelerde dowam edýär we iki ýurduň Liderleri hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini nygtaýarlar. Iki ýurt halkara ýygnaklarynda we guramalarynda, ylaýta-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde görnükli hyzmatdaşlyklary alyp barýarlar we Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň halkara we sebit derejesindäki başlangyçlaryny goldap gelýär we olara ýokary baha berýär.

Geçen ýylyň dowamynda iki ýurduň Prezidentleri iki gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Iki ýurduň Prezidentleriniň parasatly ýolbaşçylygynda Sarahs-Sarahs, Lotfabad-Artyk we Inçeburun-Altyn asyr serhet geçelgelerinde ähli saglygy goraýyş düzgünleriniň berjaý edilmegi bilen harytlaryň daşalmagynyň we üstaşyr geçirilmeginiň täzeden başlanmagy üçin gerekli şertler döredildi. Sarahs serhedindäki täze awtomobil köprüsi hem iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň we hyzmatdaşlyga bolan umumy ymtylyşynyň oňyn nusgasy hökmünde 2020-nji ýylyň awgust aýynda açylyp ulanylmaga berildi.

Şonuň ýaly-da, özara dört sany guryýer we iki sany demirýol serhet geçelgesiniň we iki ýurduň portlarynyň arasynda Hazar deňzi arkaly gämi gatnawlarynyň bolmagy, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demirýolunyň ulanylmagy, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman halkara ulag geçelgesi iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň möçberini pugtalandyrmaga we sebitiň başga ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik döretdi.

Medeni ugurlarda hem köp sanly taryhy we medeni umumylyklaryň bolmagy, şol sanda gadymy Nowruz baýramy, iki ýurduň halklary tarapyndan hem hormatlanylýan, buýsanylýan  medeni we ruhy şahsyýetleriň bolmagy iki halkyň doganlyk gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrýar. Ýakyn geljekde medeni ugurlardaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlyga ünsi jemlemek iki ýurduň hökümetleriniň iş meýilnamasynda durýar.

 

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Android ulgamynda işleýän Atavatan Applikasyýasynyň linki

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle