TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahaty

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň  “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygynyň açylyşy boldy. 

Duşuşyga ÝHHG-nyň Sekretariatynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Merkezi Aziýadaky meýilnamalaýyn edaralarynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň wekilleri, ÝHHG boýunça utgaşdyryjylar, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky wekilýetleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle-de KHBS wekilleri gatnaşýarlar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümeti hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guralan bu çäräniň ýokary derejesini bellediler.  Bu duşuşygyň döwrüň iň möhüm meseleleri boýunça agza döwletleriň arasyndaky gepleşikleriň we netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bu ugurda döwrebap şertlerde Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara howpsuzlygy berkitmek bilen bagly aktual meseleleri çözmekde wajyp orun eýeleýändikleri bellenip geçildi.

Myhmanlar Türkmenistanyň ÝHHG-nyň işjeň gatnaşyjy döwleti bolup, ÝHHG sebitinde howpsuzlygy berkitmek işinde bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam edýändigini bellediler. Şeýle-de, gatnaşyjylar ÝHHG bilen Türkmenistanyň geçen uzak ýoluny, olaryň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada belläp geçdiler.

Ertir sebitleýin duşuşyk öz işini dowam eder.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle