SIZDEN GELENLER

Et konserwalary öndürmeklikgiň ahmiýeti

Et konserwalary dürli görnüşli çig mallardan işlenip taýarlanylýar, ýagny olary esasy we kömekçi çig mallara bölýärler. Esasy çig mallara: sygyr, doňuz, goýun, düýe we öý guşlarynyň hem-de käbir beýleki mallaryň etleri, dürli mallaryň iç-goşlary we kellebaşaýaklary, gan, mallaryň iýmit ýaglary, ýumurtga we ýumurtga önümleri degişlidir. Kömekçi çig mallar hökmünde: ýarmalar, kösükli ösümlikler, gök önümler, makaron önümleri, un önümleri (krahmal,un), ösümlik ýaglary, duzlaýjy maddalar (duz, gant, natriý nitriti, nalriý askorbinaty), ýakymly ys we tagam berijiler ulanylýar. Esasy çig mallar. Mallaryň eti – etiň hili, onuň iýmit gymmatlylygy wc birnäçe organoleptiki görkezijileri etdäki dokumlaryň gatnaşygyna,şeýle hem malyň görnüşine, tohumyna, jynsyna, ýaşyna we semizligine bagly bolýar. Dürli görnüşli mallaryň we öý guşlarynyň etleri belokly maddalary, ýaglary we çyglylygy saklaýjylygy boýunça birmeňzeş bolmaýar. Etiň hili, malyň dürli bölümlerinde birmeňzeş däldir. Yokary hilli et malyň arka bölüminde ýerleşýär. Etiň hiline onuň gansyzlandyryş usuly we saklanylysy, ýeterlik sowadylyşy uly täsir edýär. Sygyr eti – et konserwa öňümçiliginde sygyr etinin Ι we ΙΙ derejeleri ulanylýar. Sygyr eti düzüminde 18,9-20,2%- belok, 7-12,4 ýag, 67,7-71,7 %- suw saklaýar. Sygyr etiniň ýagy özboluşly ýakymly ys berýär. Doňuz eti-düzüminde 38,7-54,8%- suw, 11,4- 16,4- belok, 27,8-49,3 %-ýag saklaýar. Doňuzlaryň semizligine baglylykda şpigiň galyňlygy ýagly etlerde 4sm we ondan hem ýokary bolýar, bekon etlerde 2-4sm, et üçin ösdürilýän doňuzlarda 1,5-4,0sm bolýar. Et konserwa önumçiliginde, esasan et üçin ösdürilýän doňuz etleri, gowy semredilen ýaş doňuz etleri, şeýle hem kesindi doňuz etleri ulanylýar. Goýun etleri-semizligine baglylykda I we ΙΙ derejeli hem-de hor mallaryň etlerine bölünýärler. Goýun eti düzüminde 16,3-20,7%-belok, 9,0-15,3%-ýag,

67,6-69,3%- suw saklaýar. Konserwalary taýarlamakda semizligi boýunça I we

ΙΙ derejeli sowadylan hem-de doňy çözülen etleri ulanylýar. Guş etieri-öy guşlarynyň görnüşlerine, ýaşyna we semizligine baglylykda düzümleri dürli-dürli bolýar. Ownuk etiniň düzümünde 18,2-20,8%- belok, 8,8-18,4%- ýag bolýar. Konserwalary işläp taýarlamak üçin doly arassalanan we ýary arassalanan towuk, ördek (I-ΙΙ derejeli semizlikdäki) etleri, semizligi boýunça ΙΙ-derejeli hindi towuklarynyň we gazlaryň etleri ulanylýar.

 

 AHMEDOW SÖHBET,

TOHU-nyň talyby

 

Türkmenistana COVID-19 ýokanjyna garÅŸy “СоrоnĞ°Vас” sanjymy geldi

 

 

Ýene-de okaň

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady