28/01/2021 10:19
Home ATAWATAN ESERLERİ Täze sowgatlar: Bäsleşik şu gün jemlenýär

Täze sowgatlar: Bäsleşik şu gün jemlenýär

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnan  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň nobatdakysy şu gün  jemlenýär. Bäsleşik boýunça ýeňijileri şu gün yglan ederis.

Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti: Türkiýedäki talyplara baýraklar

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Söýgi – durmuşyň özeni” atly döredijilik bäsleşigimize 165 eser hödürlendi. Diňe ýurdumyzdan däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda bilim alýan raýatlarymyzyň hem gatnaşmagynda geçirilen bäsleşigimiz giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi. Türkiýäniň Stambul şäherinde hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti Türkiýede bilim alýan köp sanly Türkmen talybynyň bäsleşigimize gatnaşandygyny hasaba alyp bäsleşigiň şertlerine görä, baýrakly orunlar eýeläp bilmedik, emma täsirli eserler üçin 3 sany baýrakly orun hödürleýär.  Siz Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň Türkiýede alyp barýan işleri bilen tanyşmak isleseňiz, onda şu ýere basyň!

Siz bäsleşige hödürlenen eserler bilen tanyşmak isleseňiz, onda şu ýere basyň!

Mälim bolşy ýaly, düýn saýtymyza bäsleşik barada täze habar ýerleşdirdik we Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasynyň esaslandyryjylary “Ata Watan Eserleri”  bäsleşigine gatnaşan eserleriň örän gymmatly eserlerdigini hasaba alyp öň yglan edilen baýraklara goşmaça baýraklar hödürleýändigini habar beripdik.

Okap bilersiňiz  Goşmaça 12 baýrak –165 eser bäsleşýär

Saýtymyz tarapyndan taýýarlanylan Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji Türkmençe-Iňlisçe sözlük –Makul Sözlük hyzmata girdi. Siz täze sözlük bilen tanyşmak üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Aşyk jepasy

Siz kimiň ýeňiji bolanlygy baradaky maglumat boýunça habar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

Okap bilersiňiz  Ispaniýada futbol çempionaty täzeden başlar

IŇ TÄZE HABARLAR

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär....

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

“Galaxy Note” telefonunyň önümçiligini bes etmekçi

Günorta Koreýanyň meşhur “Samsung” kompaniýasy her ýyl özüniň täze tehnologiýalary bilen adamlary begendirip durýar. Her täze ýylyň başynda kompaniýa täze “Galaxy S” görnüşini hödürleýär,...

Aşgabat barada aýdym döretmek bäsleşigi

Milli Liderimiz paýtagtymyz boýunça amala aşyran saparynyň çäklerinde gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän...

«Aýly ýaz» gaplamalaryň görnüşlerini köpeldýär

Daşoguz şäherindäki «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti gök önüm we miwe gaplamalarynyň görnüşlerine 24-e ýetirdi. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.
Okap bilersiňiz  ​​Futbol taryhynyň iň gowy merkezi ýarymgoragçysy
«Diňe tebigy önüm» şygaryny öňe...