25/01/2021 22:39
Home ESASY HABAR Instagram Bäsleşigi : “Makul Sözlük” we “Atavatan” Applikasiýasy

Instagram Bäsleşigi : “Makul Sözlük” we “Atavatan” Applikasiýasy

Türkmen dilinde we Iňlis dilinde gepleýän ilkinji sanly Akylly Sözlük-Makul Sözlük Applikasiýasy we Türkmenistan we dünýä habarlaryny gündelik  gyzgyny bilen Size ýetirip duran “Atavatan” Applikasiýasy  Instagram bäsleşigini yglan edýär. Siz offline  hem işleýän  Makul Sözlük Applikasyýasyny  şu ýere basyp ýa-da “Google Play” elektron dükanyndan “makulsözlük” ýazyp, ýükläp bilersiňiz. Siz şeýle hem, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  “Atavatan” Applikasiýasyny şu ýere basyp ýükläp, ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän täzelikleri gyzgyny bilen okap bilersiňiz.

Bäsleşigiň şertleri:

  1. Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň Instagram hasabyndan (@atavatanturkmen) şu bäsleşik barada  açylan habara  (Instagramdaky bu  habary şu ýere basyp tapyp bilersiňiz) öz teswiriňizi ýazyp bäsleşige gatnaşyp  bilersiňiz!
  2. Teswiriň mowzugy : Söýgi. Ýazylan söýgi setirleri ýa-da teswirler ortaça  10-50 sözden ybarat bolmaly. Söýgi baradaky ajaýyp we ýatda galyjy teswirler Siziň ýeňiji bolmagyňyza öz täsirini ýetirer.  Goşgy kabul edilmeýär. Daşary ýurtly şahslaryň söýgi baradaky aýdan täsirli sözleriniň terjimesi awtoryň öz pikrini goşmak bilen bäsleşige hödürläp
  3. Teswirler biriniň hukugyny kemsidiji bolmaly däl, we jemgyýet tarapyndan kabul edilen umumy ahlak kadalarynyň çäginde bolmalydyr.
  4. Bäsleşik 9.01.2021 senesinde başlaýar we 14.02.2021 senesinde tamamlanýar. Ýaşlaryň söýgüli baýramlarynyň biri bolan 14-nji Fewralda bäsleşik jemlenýär. Siziň her biriňiz öz ajaýyp söýgi setirleriňiz (teswirleriňiz) bilen adamda ýakymly duýgulary oýarýan bu ajaýyp bäsleşigiň ýeňijisi bolup bilersiňiz.
  5. Bäsleşige birnäçe teswir bilen gatnaşyp bilersiňiz, şonda, iň köp “halanan” alan bir teswiriňiz hasaba alnar. Bir şahs birnäçe baýrakly orna eýe bolup bilmez. Eger de Siziň birnäçe Instagram hasabyňyz bar bolsa, onda diňe bir hasabyňyzdan bäsleşige gatnaşmagyňyzy haýyş edýäris.
  6. Bäsleşikde diňe “Söýgi” baradaky teswirlere berilen “halanan” ballar hasaba alnar. Haýsy-da bolsa “söýgi” bilen baglanşykly bolmaýan ähli teswirler wagtal-wagtal emma iň giç 10 Fewral 2021 senesinde pozular we diňe bäsleşigiň mowzugy bilen baglanşykly teswirleriň “halananlary” sanalar.
  7. Şeýle görnüşdäki bäsleşigi ilkinji gezek geçirýänligimiz sebäpli, bäsleşigiň has täsirli geçmegi üçin, bäsleşigi gurnaýjylar, bäsleşigiň şertlerinde käbir üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň edip biljekdigini şuwagtdan yglan edýär.

 Bäsleşige gatnaşmak üçin, gatnaşyjy

  1. Instagram hasabymyzy (@atavatanturkmen) yzarlamaly
  2. Ýokaryda bellenen şertlerde Instagramdaky şu habaryň aşagyna (habary tapmak üçin şu ýere basyň) teswirini ýazmaly. Teswir ýazaňyzda “bäsleşige… diýen söz bilen başlap teswiriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Sebäbi haýsy teswiriň bäsleşik üçin ýazylanlygyny anyk bilmek üçin şeýle şert hökmany!
  3. Android ulgamyndaky “Atavatan Türkmenistan” (şu ýere basyp alyp bilersiňiz) Applikasiýamyzy we “Makul Sözlük” (şu ýere basyp alyp bilersiňiz) Applikasiýamyzy ýükläp almaly. Eger Siziň telefonyňyz Android ulgamynda işlemeýän bolsa, onda Siz bir tanşyňyzyň Android telefonynda şeýle amallary edip bilersiňiz!
  4. Kompýuterlerdäki “Chrome Browserden” Makul Sözlük goşundysynyşu ýere basypýükläp almaly we onuň aşagyna teswir ýazmaly we ýyldyzlaryň üsti bilen bal bermeli!
  5. Google Plaý marketde ýokarda agzalan her iki applikasiýa boýunça şol ýerde bal bermeli, ýagny ýyldyzlaryň üsti bilen baha bermeli we applikasiýany ulanyp, olar barada öz teswiriňizi şol ýere ýazmaly.
  6. Şol teswirleriňizi we mobil telefonyňyzdaky  Applikasiýalaryň suratyny bize ibermeli (@turkmenlawyer hasabyna Instagram message üsti bilen iberilmeli).
  7. Bäsleşikde iň köp “halanan” teswirleriň 14-si ýeňiş gazanar.
Okap bilersiňiz  Krossword Soraglary :Sowgatly “Makul Paýhas” Bäsleşigi

Baýraklar

Bäsleşigimiz  14-nji Fewralda jemlenýändigi üçin jemi 14 sany baýrak Size garaşýar!

  1. Iň köp “halanan alan” teswire, ýagny 1-nji orna -500 Manat
  2. Ikinji orna 475 manat
  3. Üçünji orna 450 manat
  4. Dördünji orna 425 manat
  5. Bäşinji orna 400 manat
  6. Altynjy orna 375 manat
  7. Ýedinji orna 350 manat
  8. Sekizinji orna 325 manat
  9. Dokuzynjy orna 300 manat
  10. Onunjy orna 275 manat
  11. Onbirinji orna 250 manat
  12. Onikinji orna 225 manat
  13. Onüçünji orna 200 manat
  14. Ondördünji orna 100 manat
Okap bilersiňiz  “Mançester Siti” toparynyň ilkinji transferi

Bäsleşigiň şertleri boýunça ýükläp alynmaly ýokaryda linkleri berilen Applikasiýalary we goşundynyň linklerini aşakda aýratynlykda berýäris.

Linkler

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Android ulgamynda işleýän Atavatan Applikasyýasynyň linki

Android ulgamda işleýän Makul Sözlük Applikasiýasynyň linki

Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserden” Makul Sözlük goşundysynyň linki 

Bulary ünsli okamagyňyzy haýyş edýäris!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Makul Sözlük Applikasiýasy

Jemi 15.000-den gowrak Iňlis dilindäki, 20 müňden gowrak Türkmen dilindäki sözleri özünde jemleýän, Türkmen we Iňlis dilinde “gepleýän” Makul Sözlük Applikasiýasyny Siz özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp almak bilen “Makul Sözlügiň” ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz!  Bellemeli zat, Siz gözleýän sözüňizi diňe “ýazmaça gözleg” etmän, eýsem  “sesli gözleg” hem edip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Buýan köküniň koronawirusa peýdasy

Applikasiýany indirmek üçin “Google Plaý” dükanyndan “makulsözlük” ýazyp gözleg edip bilersiňiz. Siz isleseňiz şu ýere basyp hem applikasiýany mugt ýükläp alyp bilersiňiz!

Offline Sözlük: Makul Sözlük

“Makul Sözlük” applikasiýasynyň ýene bir aýratynlygy bolsa, offline, ýagny, bir gezek telefonyňyza indirip alanyňyzda offline ulanyp bilmek mümkinçiligidir. Siz gözleýän sözleriňizi internete bagly bolmasaňyz hem “Makul Sözlük” applikasiýasyndan tapyp bilersiňiz. Bu bolsa, ýurdumyzyň we dünýäniň haýsy künjeginde bolsaňyz hem “Makul Sözlükden” peýdalanyp biljekdigiňizi görkezýär.

Okap bilersiňiz  Ilkinji “Redmi” akylly sagady

“Her gün 5 söz” mobil telefonyňyza gelsin!

Siz  söz baýlygyňyzy ösdürmek isleýän bolsaňyz, onda “Makul Sözlük” applikasiýasyny Siziň iň ýakyn ýardamjyňyz bolar! “Makul Sözlük” her gün 5 sözi Iňlis we Türkmen dillerinde Siziň mobil telefonyňyza bildiriş hökmünde iberer.  Siz her gün 5 söz ýat tutan ýagdaýyňyzda diňe 1 ýylyň dowamynda 1800-den gowrak iňlis dilindäki sözi ýat tutarsyňyz.

Çagalar üçin sözlük….täze goşundylara garaşyň!

“Makul Sözlük” taslamasyny durmuşa geçirýän toparymyz, häzirki wagtda sözlügiň ulanyş çygryny giňeltmek maksady bilen durmuşda iň köp ulanylýan sözlerden ybarat suratly sözlük-çagalar üçin “Makul Sözlük” goşundyny hem taýýarlaýandygyny Size ýetirýäris. Öz içine oýunlary, kiçiräk synaglary, iňlis we türkmen dil baýlygyňyzy ösdürjek krosswordlary, durmuşyň dürli ugurlarynda iň köp ulanylýan sözlemleri, suratly terjimeleri we ýene-de birnäçe aýratynlyklary özünde  jemleýän täze taslamamyzy iň ýakyn wagtda durmuşa geçireris we Siziň hyzmatyňyza hödürläris.

Hormatly “Makul Sözlük” ulanyjylary!

Siz şu ýere basyp, “Makul Sözlük” applikasiýasyny indirip almagyňyzy, ulanyp görmegiňizi, halan ýagdaýyňyzda bolsa “Plaý Marketde” sözlügimize baha bermegiňizi we öz teswirleriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Şeýle hem, Siz şu habary we “Makul Sözlük” baradaky linkleri paýlaşmak bilen köp sanly dostlaryňyzyň hem “Makul Sözlük” aýratynlyklaryndan peýdalanmaklaryna goşant goşup bilersiňiz. “Makul Sözlük” Applikasiýasy mugt bolup, ol intellektual telekeçilik perspektiwasyndan durmuşa geçirilen taslamadyr.

 

CHROME MAKUL SOZLUK EXTENSION (GOŞUNDY) BARADA GIŇIŞLEÝIN MAGLUMATY ALYP BILERSIŇIZ WE BU EXTENSIÝONY (GOŞUNDYNY) KOMPÝUTERIŇIZE ÝÜKLÄP BILESIŇIZ!

Okap bilersiňiz  Bir günde “El Kapitan” dagyna çykan ilkinji zenan hökmünde taryha girdi

 

Makul Sözlük taslamasyny esaslandyryjylar bu Sözlügi Kompýuterlerdäki  Chrome Browserde ulanmaga mümkinçilik berýän täze Browser goşundysy-Makul Sözlük goşundysy taýýarlanyldy.

Okap bilersiňiz  Zenan waspynyň milli pelsepe-aňlatmasy
Chrome web store dükkanyndan “makul sözlük” edip gözleg ediň!

Siz bu goşundyny “Chrome Web Store” dükanyndan “Makul Sözlük” görnüşinde gözleg edip mugt ýükläp bilersiňiz. Bu habary kompýuterden okaýan okyjylarymyz bolsa şu ýere basyp täze goşundyny kompýuterlerine gurup bilerler.

Bu ýerde “Add to Chrome” saýlaň!

Eýsem bu Goşundynyň aýratynlyklary näme:

Siz kompýuteriňizdäki internet saýtlaryndan haýsyda bolsa birinde Iňlis dilindäki bir habary, makalany we kitaby okaýan bolsaňyz we Size tanyş bolmaýan bir söz bar bolsa, onda Siz şol sözüň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) çep gulagyna 2 gezek bassaňyz, Makul Sözlük size şol sözüň türkmen dilindäki terjimesini getirip berer. Isleseňiz Türkmen dilindäki sözüň hem  iňlis dilindäki terjimesini hem tapyp bilersiňiz. Bu bolsa, iňlis dilinde habar we makala okaýanlar üçin bilmeýän ýa-da şol wagt ýadyna düşmeýän sözi üçin Browserlerden makulsozluk.com ýazmagyna ýa-da haýsyda bolsa mobil sözlüge girmegine gerek galmazdan, şol sözüň üstüne diňe iki gezek basmak bilen aňsatlyk bilen ýadyna düşmeýän sözüni tapmaga kömek eder.

Okap bilersiňiz  Dragon Oil : Hedef Günlük 100 Bin Varil
Bu ýerde gurmak üçin degişli rugsaty beriň!

Siz Makul Sözlük goşundysyny kompýuteriňize guran wagtyňyz, haýsyda bolsa bir gözleýän Iňlis we Türkmen dillerindäki sözüňizi Makul Sözlük goşundysyna girip tapyp bilersiňiz.

Okap bilersiňiz  Aziýa kubogy Hytaýda geçiriler

Makul Sözlük goşundysy tapan sözlerini Türkmen we Iňlis dillerinde Size sesli hem “aýdyp” berer. Bu bolsa şol sözüň okalyş we aýdylyş görnüşlerini öwrenmegine kömek eder.

Okap bilersiňiz  Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasy
Siz saýlan sözüňiziň üstüne gelip syçanjygyň sag gulagyna basyň (mysalymyzda “attention” sözi saýlandy)

Bu goşundy diňe Chrome Browser ulanýanylýan kompýuterlere gurnap bolýar. Häzirki döwürde kompýuterleriň aglabasynda Chrome Browser bardygyny ýatlap geçeliň! Bu bolsa kompýuterlerden internete girýänleriň tas hemmesiniň Makul Sözlük goşundysyndan peýdalanyp biljekdigini görkezýär.

kompýuteriňiziň sag ýokary tarapyndaky suratda görkezilen ýerden Makul sözlük logosyny saýlap aňsatlyk bilen ulanyp bilersiňiz!

Bellemeli zat, bu goşundy diňe kompýuterlerde ulanyp bolýar. Makul Sözlük mobil applikasiýasyny bolsa iň ýakyn wagtda hereket edip başlar!

Siz Makul Sözlük goşundyny indirmek üçin ýokarydaky suratlaryň haýsy-da bolsa biriniň üstüne basyp bilersiňiz!

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Makul Sözlük Applikasiýasyny indirmek üçin şu ýere basyň!

Okap bilersiňiz  Zenan waspynyň milli pelsepe-aňlatmasy

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Oksford derejesinde bilimi berjek uniwersitet

Özbegistanda Oksford derejesinde bilimi berjek Prezident uniwersitetini döretmek meýilleşdirilýär. Daşkent şäherindäki Prezident uniwersiteti birbada 8 müň okuwça bilim berer. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat...

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýän ynsanlar özboluşly aýratynlygy bilen il içinde tapawutlanyp durýar. Özüniň zehinini zähmetine siňdirýän sungat işgärleriniň döreden eserleri bolsa tomaşaça...

Telefon önümçiligini bes etmekçi

Bir döwürlerde mobil bazarynda gowy netijeleri görkezen Günorta Koreýanyň “LG” kompaniýasy telefon önümçiligini bes etmei meýilleşdirýär. Bu ugurda öz ýurdunyň “Samsung” hem-de hytaýly telefon...