17/01/2021 5:33
Home ESASY HABAR Bitaraplyk sahypamyz öz işine başlaýar

Bitaraplyk sahypamyz öz işine başlaýar

Şu günler Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň hormatyna milli we halkara derejesinde ençeme çäreler geçirilýär, köp sanly durmuş we medeni maksatly binalar ulanmaga berilýär.

Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary bolup, Türkiýe Respublikasynda hereket edýän Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti bilen bilelikde žurnalymyzyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynda ýörite “Bitaraplyk” sahypasyny döretdik. Bu ýerde dünýä belli syýasatçylaryň, alymlaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň, işewürleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky makalalaryny okap bilersiňiz.

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

Mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli “Söýgi-durmuşyň özeni” atly döredijilik bäsleşigini geçirýär. Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän esasy 25 baýrakly döredijilik bäsleşigimizde ýene-de 12 goşmaça baýraklar hem gowşurmagy göz öňünde tutýarys.

Döredijilik bäsleşigimizde makalalary kabul etmek işi tamamlandy we Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýeňijiler yglan ediler.

Okap bilersiňiz  Bary-ýogy bäş sany, ikinjisi satlykda

“Sanly Sözlük-Akylly Sözlük” Taslamasy

Şeýle hem Bitaraplyk baýramçylygymyza ýene-de bir sowgat taýýarladyk. Jemi 15000-den gowrak Türkmençe we Iňlisçe esasy sözden ybarat, Türkmen dilinde “gepleýän” we eşidýän” ilkinji akylly sözlük taslamasyny taýýarladyk. Sanly sözlük taslamamyz tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar we Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ulanmaga berler.

Okap bilersiňiz  Ene-ata söýgüniň gözbaşy, Watan – ähli ezizlikleriň jemi

 

Sahypany Taýýarlanlar/ Sayfayı Hazırlayan/This page Prepared by :

Türkmenistanlylar Raýdaşlyk Jemgyýeti barada okamak üçin şu ýere basyň!

Türkmenistanlılar Dayanışma Derneği hakkında daha fazla bilgi için buraya tıklayın!

Okap bilersiňiz  Wideokonferensiýa Görnüşinde Halkara Media-Forumy Geçirildi

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Ilçisi Hindistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Zenan

“Zenan” – bu sözde örän giň many bar. Şeýle seredäýmäge bu sözüň eýesi fiziki taýdan ejiz, elmydama goldawa mätäç  ýaly görünýär. Aslynda bolsa ol...

Türkiýede sanjym başlandy: Prezident Ärdogan hem sanjym aldy

Türkiýe Respublikasynda hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlar 14 günlük kliniki synagdan soňra adamlara urlup başlandy. Ilkinji sanjymy ýurduň saglyk ministri...

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif...