TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ertir – Dabaraly maslahat geçiriler

Ertir — 23-nji sentýabrda ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ähmiýetli çäre — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Dabaraly maslahat geçiriler.

Uly toýlaryň bosagasynda il-gün bilen geňeş etmek pederlerimiziň gadymy däpleriniň biri. Bu däbe Garaşsyzlyk ýyllarynda hem eýerilýär. Ýurdumyzda il-gün bolup edilýän maslahatlaryň ornunyň we mertebesiniň soňky ýyllarda has belende göterilendigini aýratyn nygtamak gerek. Esasy Kanunymyza üýtgeşmeler girizilip, Halk Maslahaty Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki şahasynyň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, Dabaraly maslahat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31-nji ýylynyň mynasyp jemlenmesine we täze başlangyçlaryň ilkinji ädimine öwrüler. Oňa gatnaşmak üçin welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinden il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we zähmetiň öňdebaryjylary saýlanylyp-seçilip alyndy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle