Erling Holand Angliýada žurnalistleriň pikirine görä, ýylyň iň gowy futbolçysy yglan edildi. Angliýanyň futbol žurnalsietleriniň assosiasiýasy ýylyň iň gowy futbolçysy üçin ses berişlik gurnady. Şonuň netijesinde, “Mançester Siti” toparynyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand 82 göterim ses aldy.
Bu ses berişlikde ikinji we üçünji orunlary degişlilikde “Arsenal” toparynyň futbolçysy Bukaýo Saka we Martin Edegor eýeledi.
Şeýle hem Kewin de Bruýne we Markus Raşford öňdäki orunlarda orun aldy.
Holand Angliýadaky ilkinji möwsüminde ýylyň iň gowy futbolçysy hökmünde ykrar edilip, ol bu möwsümde ähli ýaryşlarda öz toparynyň düzüminde 47 duşuşykda 51 gol geçirdi.
Holand bu baýragyny 25-nji maýda alar.