JEMGYÝET

Erkinlikleriň mekdebi

Agora ― Rurmond (Niderland Patyşalygy) şäherindäki täzeçe usullar boýunça bilim berýän mekdep. Bu ýerde çagalaryň bilim almagy üçin aňymyzyň we gözümiziň öwrenişmedik usullaryndan peýdalanylýar ― diýip, «Rusbase» agentligi habar berýär. Biz hem şu habarymyzda Agoranyň käbir aýratynyklary bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.

Agorada 12 ― 18 ýaş aralygyndaky çagalar bilim alýar. Olaryň her biri bilim almak üçin özüne iň amatly bolan usuly saýlap biler. Mekdepde okuwçylara özlerini gyzyklandyrýan islendik meseläni öwrenmäge doly şertler döredilýär we mugallymlar tarapyndan kömek berilýär. Esasy ugrukdyryjy bolsa «Kouç» (iňlis dilinden: «Coach» ― «Tälimçi») diýlip atlandyrylýan mugallymdyr.

Mekdebiň ýolbaşçysy Rob Houben Agorany uniwersitetiň, budda ybadathanasynyň, seýilgähiň we jemgyýetçilik bazarynyň garyşmasy diýip atlandyrýar. Her gün ir bilen geçirilýän ýygnakda çagalar şol günki göwün matlabyny aýdýarlar. Günüň dowamynda şol isleg arzuwlar mekdebiň mugallymlary tarapyndan amal edilýär.

Mekdepde her bir okuwçy öz oturgyjyny we partasyny öz isleýän görnüşinde ýasatdyryp hem biler. Bu ýerde başga mekdeplerde rugsat berilmeýän mobil telefon ulanmak ýaly zatlara hem doly rugsat berilýär. Dogry, mekdepde bilim berlişiniň özboluşly ýoly saýlanyp alnypdyr. Emma çagalara berilýän bu erkinlik olaryň öwrenmegine zyýanly täsir edenok. Gaýtam, olardan gowy netije alynýar.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy

Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada eýe boldy

Hormatly Prezidentimize “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly gowşuryldy