TEHNOLOGIÝA

“Ericsson”: 6G ulgamy 2030-njy ýylda durmuşa ornaşdyrylar

Bütin dünýäde 5G – ykjam aragatnaşygyň täze nesliniň abonentleriniň sany üçünji çärýekde 163 million artyp, 2,1 milliard boldy.

Şwesiýanyň telekommunikasiýa enjamlaryny öndüriji “Ericsson” kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkeziji takmynan 2,27 milliard bolar. Şeýlelik bilen, 5G abonentleri dünýädäki ähli ykjam abunalaryň dörtden bir bölegini tutar.

Kompaniýanyň çaklamalaryna görä, olaryň sany 2030-njy ýylda 6,35 milliard bolar, bu bolsa ykjam abonentleriň umumy mukdary 67 göterime barabar bolar.

Häzirki wagtda dünýäde takmynan 320 prowaýder 5G aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýär.

“Ericsson”, şeýle hem 2030-njy ýylda 6G ulgamynyň giriziljekdigini çaklaýar.

Ýene-de okaň

Elektrikli ulaglarynyň satuwy dünýäde 17,1 milliona ýetdi

“TikTok” ABŞ-da gadagan edilenden bir gün soň ýene açylyp başlady

ABŞ-da “TikTok” jemgyýetçilik toruna gadaganlyk girizildi

Hytaýda pensionerlere robotlar kömek eder

Ata Watan Eserleri

“Samsung” kompaniýasy telewizorlaryna emeli intellekt tehnologiýasyny ornaşdyrar

Ata Watan Eserleri

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer