TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Epos gürrüň berip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Gyrgyz Respublikasynyň raýaty Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Rysbaý Isakow 124 sagadyň dowamynda “Manas” eposyny gürrüň berdi. Bu barada gyrgyz metbugaty habar berýär.

Onuň bu üstünligi rekord hökmünde hasaba alyndy we degişli şahadatnama berildi. 21-nji sentýabrda Türkiýäniň Bursa şäherinde “Manas” eposynyň hepdeligi geçirildi. Oňa Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Tükriýeden 14 manasçy (eposy gürrüň berijileri) gatnaşdy.

Bu çärä Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparoyw goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasyndaky geçirilýän Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlarynyň çäklerinde geçirildi.

«Manas» dünýä edebi mirasynyň taryhynda iň uly eposdyr. Ol 500 müň setirden hem geçýär. «Manas» öň rus, hytaý, nemes, fransuz we ýapon dillerine terjime edildi.

 

Ýene-de okaň

Üçtaraplaýyn gaz bileleşigini döretmekçi

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Teswirle