“Ömrüň ejeli günleri…”
Çagalyk döwrüňden başlap, entek durmuşyň aňyny-maňyny, abyny-tabyny asla bilmeýärkäň, edil gazyň jüýjejikleriniň ejesiniň hereketine eýerişi ýaly ejeň her bir hereketini yzarlap, gaýtalap aňyňa ýazyp başlaýarsyň. Ene hüwdüsinden ene dilini öwrenýän adam, ejesiniň ýörjen-ýörjeni bilen ýöräp gidýär. Arkaňda hemişe seni tutjak el bardygyny bilip arkaýyn ýykylýarsyň, aglasaň zaryňa ýetjegiň bardygyny bilip çagakaň aglap keýpden çykýarsyň, gülseň, gülkiňe guwanjagy göreňsoň, çynyň bilen gülýärsiň… Soň-soňlar gaty kän zatlar üýtgeýär.
Hawa, geçen söhbedimde bir mugallymyň okuwçysy baradaky gürrüňe başlapdym…
“Bir gün bir okuwçysy mugallymynyň ýanyna gelip: – Siz hemişe şadyýan, hiç kimden kine saklaňzok, maňada şeýle bolmagy öwredäýiň?! -diýip haýyş edipdir. Mugallym okuwçysyna bir içi görünýän polietilen haltajygy bilen köpräjik ýeralma getirmegi sargaýar. Okuwçy diýlen zatlary getireninden soňra mugallym: – Ine indi kimden öýkeleseň, şu ýeralmalaryň birine şol adamynyň adyny ýazda haltajyga taşla. Özem ony hemişe ýanyňda göter, hat-da ýatan wagtyňam ýanyňdan aýyraýma!- diýip tabşyrypdyr.
Okuwçy mugallymynyň diýeni ýaly edip, ýanyna ýeralma göterip başlapdyr. Günleriň bir güni ýaňky okuwçy juda lapykeç halda mugallymynyň ýanyna gelipdir. Ýanyňa golaýlaşmanka, gelýän juda ýakymsyz ysdan ýaňa ýüzi turşaran mugallym okuwçysyna seredip diňlemäge taýýardygyny yşarat edýär. Okuwçy: Mugallym men siziň diýşiňiz ýaly edip ýeralmalary haltajyga salmagymy dowam etdim. Men munuň şeýle agyr ýüklügine zordan çydaýarkam, indi çüýräp, pilisläp başlan ýeralmalardan ýaýraýan ýakymsyz ysdan ýaňa adamlaram menden daşlaşyp başladylar. Men indi çydamok… diýipdir. Mugallym: – Ine ýüregiňde şeýle öýke-kine, hasrat pilisläp otyrka, sen nädip şadyýan ýaşarsyň?! Sen ine şunça zat bilen, onda-da gerekmejek ýük hem zibil bilen bagtly bolmak isleýäň, bu asla mümkin däl! -diýip öz bagtyýarlygyňyň manysyny düşündiripdir.”
Ejem az ýaşan hem bolsa maňa durmuşyň ähli manysyny tirip, mysal goýup gidipdir diýýän kämahal. Sebäbi men özümiň kimligimi, nähili maksatlarymyň bolmalydygyny asla aňlamaýarkam, maňa iň möhüm hem arzyly arzuwlary ejemjan ýüregime maksat edip guýupdyr. Hut şonuň üçin hem men şu gün öz kärimde, öz hünärimde, ýaşaýşymda, ykbalymda özümi juda-juda arkaýyn duýýaryn. Sebäbi entek öz-özüme düşünmeýärkäm maňa düşünen hem maňa bolan ynam bilen kalbyma beýik maksada ynam berkiden ejem bardy…
Ejeler edil giň deňizdäki maýaklar kimin durmuşyň ýollarynda çagalarynyň çelgisidir, ýol görkezijileridirler. Olar senden hiç-haçan hiç zat hantama bolman seni ýürekleri bilen gaýtargysyz söýýärler. Olar garaňky gijeleri dilegleri bilen nurlandyrýarlar. Ejäniň eden dileginiň bütin ömri gurşap alýan tükeniksiz güýje eýedigine ejesiz günlerde ýaşasamda her pursatda akyl ýetirýän. Ejemi söýmek bilen men bu gün dünýäniň ähli eneleriniň gyzyna öwrüldim. Maňa gyzym diýýän her enede ejemiň ýaşamadyk ýaşyny görýän, onuň dile getirip bilmeýän dileglerini eşidýärin. Durmuşam, ejemjanyň goldawam dowam edýär, ýöne indi başga-başga müňlerçe ejeleriň ýüregine bölünen ýekeje ejemiň söýgüsini şol mähriban gözlerden, şol şirin-şirin sözlerden çöplemeli bolýan. Özüm eje bolsamda, gözüm ejede…
Sözlesem sözümi diňleýäni kän,
munda ýüregimi diňleýäni ýok.
Ýer ýüzünde million-million eje bar,
Ejejan bir saňa meňzeýäni ýok…
Ine, ýekeje şu hakykatyň hatyrasyna adam öz mähribanyny küýseýär, gözleýär, zaryny çekýär… sebäbi ejemiz bizi bir öz ejemize mahsus bolan, bize ýeterlik söýgi bilen söýýär. Ömrüň ejeli günleriniň tutuş ykbala ýetirýän täsirlerini ýaşyň ulalyberdikçe has duýýaň, duýýaňda alaçsyzlygyňada, çäresizligiňede düşünýäň.
Gülşirin HANOWA.
Bäş ýaşly gyzjagaz kitap ýazyp, dünýä rekordyny goýdy