TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Energiýa barada gyzykly maglumatlar

Bilşiňiz ýaly, energiýa dürli usullar bilen döredilip bilner. Häzirki wagtda adam elektrik toguny ulanman doly durmuşy göz öňüne getirip bilmeýär.

Şeýlelik bilen, energiýa hakynda iň gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:

  • Gyzykly bir hakykat, “energiýa” adalgasynyň gadymy grek filosofy Aristotel tarapyndan girizilip, soňra adam işjeňligine degişlidir.
  • Täze Zelandiýa tarapyndan dolandyrylýan Tokelau adalarynda energiýanyň 100 göterimi Gün panelleri arkaly öndürilýär.
  • Häzirki wagtda çakýan ýyldyrymy elektrik energiýasyna öwürmek üçin hem dürli taslamalar işlenip düzülýär. Entek bu ugurda doly netije gazanylmady.
  • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda gidroelektrik stansiýalarynyň üsti bilen elektrik öndürilmeýän ýekeje ştat ýok.
  • Amerikada sarp edilýän elektrik energiýasynyň takmynan 20 göterimi sowadyjylary işletmek üçin ulanylýar.
  • Islandiýada geýzerleriň gapdalynda oturdylan geotermiki elektrik stansiýalary ähli elektrik energiýasynyň ep-esli bölegini emele getirýär.
  • Adaty ýel beketleriniň beýikligi takmynan 90 metre ýetýär we 8000-den gowrak bölekden durýar.
  • Hytaý elektrik energiýasyny sarp etmekde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýar. Bu ýurduň ilatynyň sany göz öňünde tutulanda, bu görkeziji gatybir geň waka däldir.
  • Gyzykly bir hakykat, diňe bir Gün energiýasy bilen adamzadyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem mümkindir.
  • Deňiz tolkunlary arkaly energiýa öndürýän elektrik stansiýalary hem bar.
  • Ýel elektrik beketleri Ýer şarynyň elektrik energiýasynyň 2 göterimden hem az möçberini öndürýär.
  • Energiýa öndürmek üçin zerur çeşmeler nebit we tebigy gaz bolup durýar.
  • Binalaryň ähli görnüşlerine berilýän elektrik energiýasynyň takmynan 30%-i netijesiz ýa-da gereksiz ulanylýar.
Ayjahan Gurbanmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/himiya-ylmynyn-tasinlikleri/

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle