Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmak döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Bular babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanan ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hem aýratyn gürrüň edildi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly öňegidişlikler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurdumyzyň gaz senagaty öňdebaryjy pudaklaryň biri bolup, tebigy gazyň çykarylyşy ýylsaýyn ýokarlanýar.

Ýurdumyz tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak bilen bir hatarda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny hem işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyndaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdelerimizi daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Hytaý Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden biziň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny hem-de şu ýyl bu şanly waka 30 ýyl dolýandygyny ýatlatdy.

Şu döwürde hytaýly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa iki döwletiň hem ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirdi. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr.

Her biriniň uzynlygy 1830 kilometr bolan üç şahaly gaz geçiriji ýylda 55 milliard kub metr «mawy ýangyjy» geçirmäge mümkinçilik berýär.

Onuň 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizileninden bäri, Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz iberildi. Geljekde bu zerur ýangyjyň iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek üçin onuň 4-nji şahasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem sebit we halkara derejesindäki energetika bazarynda ornuny yzygiderli pugtalandyrýan Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde Eýran Yslam Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Pakistan Yslam Respublikasy, Hindistan Respublikasy hem-de ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolan Russiýa Federasiýasy bilen giň gerimli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Türkmenistanyň baý energiýa çeşmelerini üstaşyr üçünji ýurtlara ibermek babatda hem oňyn netijeler gazanyldy. Bu ugurda Eýran Yslam Respublikasy we Azerbaýjan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyklar giňeldildi. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynda türkmen tebigy gazynyň “swop” arkaly üçünji ýurtlara ibermek üçin oňyn ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmeniň «mawy ýangyjy» dünýäniň çar tarapynda alawlap, gülläp ösüşe, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, ählumumy parahatçylyga hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan nurana ýoly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan has-da ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi geljegimiziň has-da röwşen boljakdygynyň aýdyň kepilidir.

Selbi Baýramdurdyewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ Himiya tehnologiyasy we ekologiya fakultetiniñ magistranty.

 

Türkmenistan-Russiýa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy