TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Energetika diplomatiýasynyň ösüşli ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge, güýçli senagat kuwwatyny döretmäge we onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazar düzümi bolan, durnukly ösüş depginlerini gazanmaga gönükdirilen ykdysadyýeti ýokary hilli hem-de tapgyrlaýyn kemala getirmek döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz ýurdumyzyň baý tebigy, geoykdysady mümkinçiliklerini, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we daşary ykdysady işiniň netijeliligini artdyrmak arkaly diwersifikasiýalaşdyrylýar. Diýarymyzyň önümçilik kuwwaty barha artýar.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümini kämilleşdirmäge köp möçberde maýa goýumlar, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirilýär. Ine, şeýle pudaklaryň biri hem nebitgaz pudagydyr. Golaýda Dubaý şäherinde geçirilen halkara forumda Türkmenistanyň dünýäniň ýangyç-energetika pudagyndaky ornunyň uludygy ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen göründi.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guralan göçme forum ýurdumyzyň geljekde ählumumy energetika bazarynda eýelejek ornuna ýokayr baha berildi.

Özüniň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini bütin adamzadyň hyzmatynda goýýan Türkmenistan energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny yzygiderli berkitmäge çalyşýar.

Ägirt tebigy gaz goruna eýe bolan ýurdumyza sebitde we dünýäde ygtybarly energetika üpjün edijileriň biri hökmünde halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orun degişlidir. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, eksport mümkinçilikleriniň artmagyna, ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň görnüşleriniň we mukdarlarynyň artmagyna getirýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri öňde goýýar. Gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän  gaz ýataklarynda guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.

Bitarap Watanymyz energetika diplomatiýasyny işjeň öňe sürüp, täzeçil tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bolan ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda tagallalar bilen çykyş edýär.

Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini  ýokarlandyrýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Kerwen Çaryýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek hünäriniň talyby. 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle