TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Eneler jemgyýetçilik ulaglaryny mugt peýdalanar

Stambulda 4 we ondan kiçi ýaşly çagalary bolan eneler üçin jemgyýetçilik ulaglary mugt bolar.

Stambul şäher häkimliginiň Jemgyýetçilik ulag hyzmatlary müdirligi tarapyndan bu mesele boýunça taýýarlanan teklip, ýanwar aýynda geçirilen mejlisiň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşyldy we gazna kazyýeti tarapyndan goldanyldy.

Mejlisiň gün tertibine gelen komissiýanyň hasabatynda 4 we ondan kiçi ýaşly çagalaryň enelerine mugt ulag kartynyň berlendigi we jemgyýetçilik ulag edaralarynyň çeken ýitgileriniň şäher býujeti tarapyndan öweziniň doldurylmalydygy aýdyldy.

Mejlisdäki gepleşiklerden soň, bu teklip ähli partiýalar tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Beýleki tarapdan, saglygy goraýyş işgärlerine mugt elýeterliligi üpjün edýän karar biragyzdan 31-nji awgusta çenli uzaldyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

Teswirle