Ene Tebigatynyň Türkmen Teoriýasy

Türkmene “ E N E ” diýseň, süňňi sandyramasa, onda onuň hakyky türkmendigine şübhäm artar. Siziň garaýşyňyzy anyk bilemok, meninki-hä hut şonuň ýaly…

Aslynda, ENE, ägirt uly şahsyýet, üstesine-de ol ägirt uly şahsyýetleri, kaganlary, hanlary, soltanlary doguryp bilýän ýeke-täk şahsyýet.

Bary-ýogy üç harp, ikisi hem meňzeş, öňünden yzyna tarap okasaň-da, yzyndan öňüne tarap okasaň-da üýtgemeýän “ENE” sözüniň “e”-leri ezizligiň, “n”-si bolsa näzikligiň derejeleridir.

Ezizlik bilen näziklik bolsa netije hökmünde adamzadyň nesil merkeziniň sarsmaz sütünini emele getirýär. Allatagala ýeke-täk ýaradandyr, şonuň üçin türkmenler oňa öz ene diline mahsus bolan adalga bilen Biribar hem diýýärler.

Beýik Biribar öz ýaradanlaryndan ynsanogly bilen baglanyşykly Enäniň tebigatyny özboluşly täsinlik bilen bezäpdir. Oňa aýratyn peşgeş eçilipdir. Şol peşgeş dogurmak bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, beýik Biribaryň buýrugy bilen Ene tebigatyna adamzadyň nesil domatyny dolandyrmak ynanylypdyr. Başgaça aýdylanda, oňa enäniň dogrujylyk üstünligi diýmek hem bolar.

Netijede, çak çak bolsa, ene tebigatynyň özboluşly bir teoriýasy bar ýaly bolup dur. Ynha, meniň netijämi diňleseňiz-ä şeýleräk…

 Türkmen eneleri

dogurýar ADAM!

Ýok, asla ýok,

Olar dogurmaz GEDEM!

Gedemiň doguşdan soňuny derňäň,

Ony enä ýöňkäp, hiç gaty görmäň!

Türkmen eneleri

dogurýar SERDAR!

Ýok, asla ýok,

Olar dogurmaz MURDAR!

Murdaryň doguşdan soňuny derňäň,

Gaty görüp, enä ýöňkäbem durmaň!

Eneler dogurýar

beýik SOLTANY!

Ýok,  ýok,

Olar dogurmaz hiç ÝALTANY!

Ýaltanyň doguşdan soňyny derňäň,

Ýaltalygy – enäň ýüzüne urmaň!

Türkmen eneleri

dogurýar BEGI!

Ýok,

Olar hiç dogurmaz GURRUMSAGY!

Gurrumsagyň täleýi ters soňradan,

Ene hemrasy däl, başga hemradan.

Eneler dogurýar

mährem MÄLIGI!

Ýok,ýok,

Dogurmazlar asla LÄLIGI!

Läligiň doguşdan soňuny derňäň,

Lellimligi enelermizden görmäň!

Türkmen eneleri

dogurýar ALYM!

Ynanmaň,

Diýseler dogrupdyr ZALYM!

Zalymyň doguşdan soňuny derňäň,

Mähiri zalyma hiç wagt garmaň.

Enelermiz berer

ERKEK GENINI!

Asla bermez,

BIHEPBÄNI, DÖNÜGI!

Wepasyzy, sözlerinden dänigi,

MAŇYZLYDYR, NOGULLYDYR hemişe,

UÝALYDYR, OGULLYDYR mydama,

Önelgesi – miwe berýän ŞÄNIGI.

ENÄNI-de,

SONANY-da,

ÝEŇŇÄNI-de,

GYNNANY-da

ENE dogurýar ýene,

Meň diýýänim hut şu,

üns beriň şuňa-

TÜRKMEN ENESINIŇ

TEORIÝASY – ine!

Oýlanyp gör, ynanmasaň-

oňlama!

Başgalara mahsus däl,

bu DEŇLEME!

Muňa garşy meniň hiçbir KADAM ýok!

Bütindünýä Erkek Göbeklilerden –

ENÄNI beräýjek birjik  ADAM ýok!

Iň bolman-da  “ Ýekeje –şu! ” diýere

Erkegiň adam ýok!

ERKEK ADAM ýok!

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Italiýan gözelligi, fransuz nepisligi we türkmen nagyşlary: Aşgabat moda sergisinde görkezildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň sergisi

Gyzyl ýaglykly gyzjagaz we möjek ertekisini möjekden diňläliň!

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazandy

Rustam Minnihanow Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma gatnaşar

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär

Kataryň Emiri bilen duşuşyk geçirildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy

«Daýhanbank» banky: «Toý» karzyndan peýdalanmaga çagyrýar

“Türkmenistan” banky: «Bagtyýar nesil» atly möhletli goýumy hödürleýär

Stambulda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çäreler boýunça brifing geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýollanan çakylyk haty Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gowşuryldy

“Makul habar” elektron gazeti (10-sany)

Aşgabatda IFT-2025 halkara sergisi geçiriler