Ene söýgüsi

Dünýäde megerem, ene söýgüsi ýaly güýçli söýgi, mähir ýok bolsa gerek. Meniň hem häzir size gürrüň berjek söýgi hekaýam şu beýik söýgi barada.

Ine, söýşüp durmuş guran bagtly maşgalalaryň birinde bu gün iň bir şatlykly waka bolýar. Aňan bolsaňyz gerek, maşgalada täze perzent dünýä inýär, bu çaga maşgalada dördünji çagady. Şamyrat aga diýseň begenýär, bir hepdeden soň aýaly Annajemaly bäbekhanadan çykaryp uly toý berýär. Körpejä Serdar diýip at dakýarlar. Aradan ýyllar geçýär Serdar eýýam üç ýaşaýar. Maşgalanyň durmuşy  altyn aşygy bilen diýseň gyzykly şadyýan geçýärdi. Elbetde boljak işe çäre ýok diýlişi ýaly bu bagtly maşgalada hasratly günler başlaýar. Annajemal gelneje agyr kesele uçrap iki aý hassahanada ýatýar. Ahyrynda  lukmanlar Şamyrat aga netije bolmajagyny, bu keseliň agyr keseldigini aýdýarlar. Aradan köp wagt geçmänka Annajemal gelneje aradan çykýar. Bu hasratly waka hemmeler gynanýar. Elbetde, Annajemal gelnejäniň ölümi maşgaladaky hemmeler üçin agyr degýär. Esasanam, üç ýaşlyja Serdarjana ejesiniň mähri, söýgüsi örän zerurdy. Elbetde, Serdaryň kakasy bir uýasy we iki sany agalary ýakyn garyndaşlary ony ýerde goýman ejesiniň ýokdugyny bildirmejek bolup jan edýärler. Dokuz ýaşly uýasy köp wagtyny Serdar bilen oýnap geçirýär, oňa seredýär. Ýöne şonda-da, Serdarjana bir zat ýetmeýän ýaly bolup görünýär. Günleriň şeýle dowam etmeginde esli wagt geçýär Serdar bäş ýaşyny doldurýar. Şamyrat aga köp gynanýar, söýgüli aýaly Annajemalyň ölüminden soň ol ep-esli horlanýar, el-aýagy kesilen ýaly bolýar, hemişe onuň bilen geçiren günlerini ýatlanda gözüne ýaş aýlaýar. Ýakynlary maşgalanyň geljegini oýlap Şamyrat aga köp maslahatlar berýärler oňa çagalaryň ejesi bolmasa gynanjagyny aýratyn hem Serdarjana ene mähriniň gerekdigini aýdyp oňa öýlenmegi teklip edýärler. Her gezek hem Şamyrat aga Annajemaldan başga hiç bir aýaly söýüp bilmejekdigini aýdyp razy bolmaýar.

Serdar goňşy oglanjyklar bilen günde daşarda oýun oýnaýardy. Agşam düşende goňşy çagalary köplenç ejeleri öýlerine alyp gaýdardy. Serdarjany bolsa doganlarynyň biri ýa-da kakasy alyp gaýdýardy. Serdar günde meniň ejem haçan gelýär diýip sorag baryny berýärdi. Megerem, öýündäkileri oňa ejeň bir ýerlere gitdi diýip aýdandyrlar. Ol günde ejesine garaşyp, ony ýatlap uklap galardy. Ol hyýalynda ejesiniň keşbini göz öňüne getirýärdi.

Güýz paslynyň ilkinji aýy Serdaryň mekdep ýaşy dolanyndan soň, ol uly höwes bilen kakasynyň elinden tutup, şatlanyp mekdebe gelýär.  Serdar mekdepde bilim alyp başlaýar. Birnäçe özi ýaly oglanlar bilen dostlaşýar, onuň synp ýolbaşçysy güler ýüzli Näzik mugallym onuň zehinlijedigini görüp haýran galýar. Serdarjyk hem synp ýolbaşçysynyň güler ýüzüni görüp ony halaýar. Meniň ejem hem şeýle aýaldyr, diýip pikir edýär. Kakasy Serdaryň synp ýolbaşçysyna bolan ýagdaýlary gürrüň berýär.Ejesini ýatlatmazlygyny onuň ýanynda  ejesi barada söz açmazlygyny haýyş edýär. Diňe synp ýolbaşçysyna aýdyp Serdaryň ejesini ýatlatman boljakmy diýsene, deň-duşlarynyň mekdepde özaralarynda gürleşende ejem maňa köp zat alyp berdi ýa-da bu gün meni okuwdan ejem alyp gidýär, agşam öý işlerime ejem kömekleşdi diýen ýaly sözlerini eşidende olaryň ejeleri bilen barýanyny görende gam-gussa batýar, kemsinýär, “hany meniňem ejem bolsady” diýip, Serdarjyk içini gepledýär. Öýe gelip ejesiniň näme üçin entägem gelmeýänini sorap hiç kime gün berenokdy.  Bu ýagdaýlara Şamyrat aganyň hem ýüregi gyýylýar öz ýanyndan Serdarjana eje gerekdigini onuň kemsinýändigini görüp, öýlenmek kararyna hem gelýär, soňra ýenede il-günüň gepini oýlap bu kararyndan el çekýär. Serdaryň öýünde uýasy mekdepde bolsa, synp ýolbaşçysy Näzik mugallym ejesiniň ýokdugyny ýadyna salmajak bolýarlar. Duşenbe güni sapakda perzentsizligi sebäpli ýoldaşy bilen aýrylyşan Näzik mugallym Serdaryň ýatlan goşgusyny diňläp otyrşyna “Berekella oglum” diýenini özi hem bilmän galdy. Bu ýagdaýyň geň görer ýaly ýeri hem ýok, sebäbi birnäçe ýyldan bäri perzendi bolmadyk Näzik mugallym şeýle zehinli çagasynyň bolmagyny hemişe arzuw edýärdi. Ýöne bu sözler Serdar üçin diýseň täsirli bolýar. Öň şeýle sözleri ejesiniň aýdaryna garaşyp ýören Serdar atylyp Näzik mugallymyň gujagyna giresi gelýär, emma çekinýär. Ylgap ýerine geçip gözlerine ýaş tegelemäge başlaýar. Näzik mugallym ony dessine köşeşdirýär, ünsüni sapaga çekýär. Şamyrat aga ogluny mekdepden almaga gelende bir-iki gezek Näzik mugallymyň bilen gabatlaşypdy, şonda ol Serdarjanyň örän zehinlidigini aýdyp ony begendiripdi. Şamyrat aga öz işiniň ussadydy, ol obada suw hojalyk bölüminiň başlygy bolup işleýär. Şonuň üçin oba adamlarynyň arasynda onuň abraýy uludy. Şamyrat aganyň ýakynlary Näzik mugallymyň örän gowy aýaldygyny, özüniň deň-duşdygyny, perzentleri bolmansoň ýoldaşy bilen aýrylyşandygyny aýdyp birnäçe gezek oňa söz aýdyp görmegini maslahat berýärler. Köp oýlanşyp, maşgalanyň geljegini, Serdarjany oýlap Şamyrat aga Näzik mugallyma söz aýtmaga razy bolýar. Mekdebe gelende Şamyrat agany gören Näzik mugallymyň hem onda nazary eglenipdi, onuň örän gowy adamdygyny, abraýly adamdygyny eşidipdi. Bahar aýynyň başydy, 8-nji mart baýramçylygy güni Şamyrat aga Näzik mugallymy baýramy bilen gutlap, oňa gül dessesini sowgat berýär. Birnäçe aralygy bile gezim edenlerinden soňra, gürrüňiniň dowamynda Şamyrat aga oňa maşgalalaryny birikdirmegi teklip edýär. “Ýekelik hudaýa ýagşy” diýlişi ýaly bu teklibe Näzik mugallym hem garşy bolup durmaýar.  Şamyrat aga Näzik mugallym bilen durmuş gurýar.

Okap bilersiňiz  Sessiz söýgi

Indi bolsa habary Serdarjandan alalyň, görseňiz ondan şadyýan adam ýok indi meniň hem ejem bar diýip böküp ýör. Günde Näzik mugallym bilen bileje okuwa gidýär, okuwdan bile gaýdýar. Göräýmäge Serdaryň ýetmeýän zady ýeten ýaly. Günleriň birinde Näzik mugallym işden gelýärkä perzentsizligi sebäpli aýrylyşan ilkinji ýoldaşyna sataşýar, ol adam örän gaharlydy. Ol Näzige bir zatlar aýtmakçy bolýar, emma Näzik mugallym oňa ýüz bermeýär. Öýe gaharly gelen Näzik mugallym öz otagyna girip gidýär. Şol wagt Serdar ylgap ejesine täze öwrenen goşgusyny aýdyp bermek üçin ýanyna barypdy. Serdar ylgap otaga girende partanyň üstünde duran Näzik mugallymyň synp žurnalynyň üstüne stakandaky suwa tötänlikde eli degip dökenini bilmän galýar. Bu ýagdaýy gören Näzik mugallymyň birden gahary gelýär, öňem gaharly gelensoň sesine bat berip, gygyryp Serdaryň gulagyndan towlaýar. Serdar gaty görüp, aglap başlaýar we onuň ýanyndan gaçyp gaýdýar soňra uýasynyň gujagyna girýär. Ene mährine, söýgüsine zar bolup ýeten Serdar öweý ejesinden beýle ýagdaýa garaşmandy. Uýasy ony köşeşdirýär. Şamyrat aga bolsa işdedi,  agşamara öýe gelende, Serdarjan ylgap onuň öňünden çykýar. Serdaryň ýüzi öýkelidi. Şamyrat aga çagalaryndan bolan ýagdaýy eşidýär we Näzigi ýanyna çagyrýar. Näzigiň ýüzi puşmanlydy. Ol ilki geplemän aşak seredýär, soňra bolan ýagdaýlary oňa aýdyp berýär we indi şeýle hereketiň gaýtalanmajakdygyny oňa söz berýär. Şu ýerde Şamyrat aga maşgalada çagalara hakyky söýgüni, mähri diňe hakyky eneleriň berip biljekdigine düşünýär. Ene söýgüsi elbetde, çaganyň ilkinji duýýan iň güýçli duýgusy, beýle söýgüni we mähri diňe eneler berip bilýär. Munuň hakykatdygyna ýedi ýaşly Serdar hem göz ýetirýär.

Seýli Aryşow,

Türkmenistanyň  Daşary  işler ministrliginiň

                  Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

 

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  «Apple» dükanlary gaýtadan açylýar
Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!