…Bosagada – Täze ýyl. Ýene birnäçe günden täze umytlara beslenip geljek Täze ýyla görülýän taýýarlygy awtobusyň aýnasyndan synlamak neneň oňat eken.
Ýaňy bir iňrik garalyp başlapdy. Täze ýylyň täzeçe röwüşlerini synlamak üçin şähere çykdym. Edil beýleki ýolagçylar ýaly men hem uly dünýäni goýnuna jemläp barýan awtobusa mündüm. Ine-de, «syýahatym» şu ýerden başlady. Paýtagtyň gijeleri Täze ýyla golaý günlerde hasam gözel. Ýollaryň ugrundaky ähli baglar baýramçylyk donuny geýipdir. Yşyklar – gözüňi gamaşdyrýar. Ylla diýersiň, bu şäher ertekilerdäki ýaly. Ýolugra şäherdäki söwda merkezlerine degip geçdim. «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy», «Altyn asyr», «Berkarar», «Paýtagt», «Gülüstan», «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezlerine aýlanyp ýörün. Bäh, asyl-a Täze ýylyň ýetip gelýänini söwda merkelerinden aňsaňam boljak eken. Durşuna Täze ýyl öwüşginleri. Arçalar, sowgatlyklar, geljekki ýyly aňladýan heýkeljikler, dürli-dürli bezegler…
Şäherimizdäki seýilgähler hem geljek Täze ýyly ýokary derejede şöhlelendirýär. Juda ajaýyp, örän owadan bezegler bilen bezelen seýilgähleriň, megerem, goýnuna siňesiň geler durar. Bu ýerde kalby söýgüden püre-pür ynsanlaryň ýürek yşkynyň yşygy ýakylan. Heý, şondan soň bu ýerden öz erkiňe üzülip bolarmy?
Men ýene-de awtobusyň aýnasyndan şäheriň gözel gijesini synlap barýaryn. Awtobus Arçabil şaýoluna tarap öwrüldi. Ho-ol aňyrda Baş arçamyzyň depesindäki yşyklar görünýär. «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňünde gurnalan Döwlet arçamyzyň deňinde sägindim. Hemem şeýle pikirleri serimde aýladym: Ýene birnäçe günden, hut, şu ýerde ýurdumyz aýdym-sazly, şagalaňly ýagdaýda 2019-njy ýyly garşylar. Hut, şu ýerde, Baş arçanyň eteginde täze arzuwlar dörär. Kimseler täze bagta eýe bolar. Her bir ynsanyň kalbynda geljege bolan uly umyt uçgunlary tutaşar. Ol gün uzakda däl. Ýene birnäçe günden. Hut, şu ýerde…
Aýbölek ABDYÝEWA,
«Atawatan Türkmenistan» halkara
Žurnalynyň habarçysy.