Enäniñ perzendine bolan söýgüsi- iñ beýik söýgüdir

 (bolan waka)

Bu waka Garrygala sebitlerinde kiçeñräk obalaryñ birinde bolupdyr. Bu wakany maña enem pahyr gürrüñ beripdi.

-Biziñ obamyzda 98 ýaşly Ejegül atly garryja daýza bardy. Ejegül daýzanyñ başdan geçirenini saña aýdyp bereýin- diýip, enem gürrüñ bermäge durdy…

Bu waka türkmen obalaryna ýañy sowet hökümetiniñ gelip, ilkinji kolhozlaryñ döredilýän gabatlary bolupdy. Garrygala etraby goñşy Eýran döwleti bilen serhetleşýärdi. Şol wagtlar serhet berkedilmän, goñşy Eýran döwletinde ýerleşýän türkmen obalaryna gizlin gatnaw bolupdyr. Ejegüliñ hossarlarynyñ ýaşaýan obalary bilen Garrygalanyñ arasynda serhet çekilip, olar Eýranda, Ejegüliñ gaýynlary bolsa, Garrygalada galýarlar.

Ejegüliñ adamsy agyr kesele duçar bolup ir aradan çykýar. Ejegül iki çagasy bilen dul galýar. Bu habar Eýran obalarynda ýaşaýan Ejegüliñ doganlaryna baryp ýetýär. Şol wagtlar dul galan ýaş gelinleriñ hossarlary ony ikinji gezek durmuşa çykarýan  ekenler. Eger-de gelni öñki öýünde alyp galjak bolsalar, gelniñ gaýynlary onuñ hossarlaryna ýene-de galyñ tölemeli bolýan ekenler.

Ejegüliñ gaýynlary ir ýogalansoñ, galyñ berip, alyp galara hiç kim ýok eken.

Günleriñ birinde agşam at aýagynyñ dükürdisi eşidilýär. Ejegül daş çyksa atly-ýaragly agalaryna gözi düşýär. Olar Ejegüle ony Eýrana alyp gitjekdiklerini aýdýarlar. Ejegül agalaryna ýalbaryp şeýle diýýär:

-Meni äkitmäñ! Meniñ çagalaryma kim seretsin?! diýip özelenip ýalbarýar.

-Çagalaryña adamyñ garyndaşlary, obasy, il-güni sereder diýip, Ejegüli atyñ öñüne basyp, alyp gitýärler.

Ýolda Ejegül özüni atdan oklajak bolup kän garşylyk görkezýär. Ýöne ejiz naçaryñ güýji bilen erkek kişiniñ  güýji deñ gelmeýär.  Doganlary Ejegüli serhetden aşyryp, Eýrana äkidyärler, ony bir baý adama durmuşa çykarjak bolýarlar.  Ejegül her gün çagalaryny ýatlap, öz obasyny ýatlap aglaýar. Watan zary, perzent küýsegi gelini öz gününe goýmaýar. Ejegül yzyna, Garrygala nädip aşmagyñ pikirini edip başlayar. Doganlaryna al salyp, nädip gaçmaly? Doganlary-da Ejegülden gözlerini aýyrman seredýärdiler. Agşam düşyär. Şu gün agşam gaçmasa soñ giç boljagyna göz ýetiren Ejegül, saçakdan el ýaly çöregi alyp, pişik basyşyny edip, ýüzüni garaňka tutup öýden çykýar we obanyň çetinde duran ot küdesiniň depesine çykyp gizlenýär. Doganlary Ejegüliñ ýokdugyny añyp,ony gözlemäge çykýarlar. Bütin gije obany elek edip gözleýärler.Ejegülem otly küdäň üstünde bar zady synlap ýatyr.Gije birçene barandan soň hemme kişi uka gidýär. Ejegülem asmana seredip, ýyldyzlardan ugur alyp, ýola düşyär. Ejegül dag jülgelerinin içi bilen Garrygala tarap ýola düşyär. Dag jülgeleri howatyrlydy. Dagda ýyrtyjy möjekler, şagallar, geçi gaplañlar, hat-da syrtlanlar hem bardy. Çagalaryny, öz Watanyny bir aýlap görmedik gelin, hiç zatdan gorkman, heder etman ýol-ýodasyz ýerden haýdap barýardy. Ol gündiz yöreýärdi, gije bolsa  agaja çykyp, özüni agaja daňyp uklaýardy. Şeýdibem, ýyrtyjy haywanlardan özüni goraýardy.Ejegül iki gün ýöredi. Üçülenji gün diýlende, gelniň gözüne alysdan bir gara göründi. Iki günläp adam garasyny görmedik gelin ýaglygyny galgadýar. Ony gören ol adam sakga durup geline garaşýar. Ejegül golaý gelse, ol adamyň Sapar söwdagärdigini tanaýar. Ol Eýrandan çaý we başga harytlar getirip söwda edýär ekeni.Bular iki bolup oba tarap barýarkalar, serhetçiler olary saklaýarlar. Olary etrap serhet bölümine getirýärler. Ejegül serhediñ uly komandirine bolan  wakany bolşy ýaly gürrüñ berýär. Serhetçiler Ejegüli goýberýärler. Şol wagtlar maşyn bolmansoň, at arabasynda Ejegül oba gaýdýar. Oba golaýlaşdygy sary Ejegüliñ ýüregi gursagyny ýaraýjak bolýar. Ýoluñ gyrasynda, ejesiniň ýoluna garap oturan, sal- sal eşikli kirlije çagalaryny gören Ejegül gujagyny giñden açyp, olara tarap ylgaýar. “Kakasyz ýetim, ejesiz ýesir” diýleni. Olara goñşy-golam seredipdir, çagalaryna  el ýaly çörek beripdirler. Çagalar welin, günde ejeleriniň ýoluna çykyр oña garaşypdyrlar. Şeýdip Ejegül öz ҫagalaryna gowşupdyr. Ojagy, tamdyrу hiç zat bişirilmänsoñ, kerep baglap gidipdir. Bir aýlyk aýralykdan soñ Ejegül öz Watanyna, dogduk obasyna, çagalaryna gowşupdyr. Enäniñ perzendine bolan söýgüsine haýran galýaryn. Ondan bäri köp wagt geçdi. Ejegül daýzañ çagalary öýli işikli boldylar.  Ejegül daýza 98 yaşynyñ içinde aradan çykdy,  ýöne onuñ ykbaly welin heniz-henizlerem obadaşlarynyñ ýadyndan ҫykanok. Enäniñ söýgüsi hakda häzir-häzirlerem gürrüñ edýärler. Enäniñ perzendine bolan söýgüsini ähli söýgileriñ iñ beýigi, iñ mukaddesi hasaplaýaryn.

Okap bilersiňiz  Ata mähri

“Magtymguly, haýwan bilse balasyn

Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy” diýip beýik söz ussady Pyragy hem aýdyp gidipdir ahyryn- diýip, enem sözüni jemledi.

Enäniñ perzendine bolan söýgüsi – bu bir gudrat. Şol enäniñ perzentleri üçin, pуýada ýurt aşyp, dag aşyp gelmegi еýsem gudrat dälmi?!

Ene mähri, ene söýgisi barada Hormatly Arkadag Prezidentimiz “Enä tagzym- mukaddeslige tagzym” atly eser döretdi. Alym Prezidentimiziñ bu eserinde ene hakda, onuñ perzendine bolan söýgisi hakda, umuman ene dünýäsi hakda ussatlyk bilen giñişleýin çeper bеýan edilýär. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyñ ene hakdaky eserinden täsirlenip, bir bent goşgy bilen  hekaýatymy tamamlasym gelýär:

Enä hormat, Enä tagzym,

Arkadagdan uly taglym,

Sizi gorap dursun Tañrym!

Ene-ömre şamçуragdyr!

 

Selbi Öwezmyradowa,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ 3-nji ýyl talyby 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!