TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýusupow Rauf :Ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony

 Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ýyllyk meýilnamasy esasynda paýtagtymyzda ýerleşýän Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka  mekdebinde 8, 12, 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa jemi 96 türgen gatnaşyp, ýaş aýratynlygy boýunça 6 topara bölünip, oglan-gyzlaryň arasynda aýratynlykda ýaryşdylar. Ýaryş FIDE-niň kada-kanunyna laýyklykda, her toparda 9 tapgyrdan ybarat bolan oýnuň netijeleri boýunça iň köp utuk toplan oýunçy ýeňiji diýlip yglan edildi.

8 ýaşly oglanlaryň arasynda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 25-nji orta mektebiniň 2-nji synp okuwçysy Ýusupow Rauf 9 oýunda 7,5 utuk toplap, I-orny eýelemegi başardy we bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Rauf  Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alýar. Rauf jigimiz ýaşynyň kiçiligine garamazdan, eýýämden uly-uly üstünlikler bilen batly we ýagty geljege barýar. Ol Mary şäheriniň açyk birinjiliginde  we Mary welaýatynyň birinjiliginde I orny elden bermän gelýär. 2019-njy ýyl kiçijek türgen üçin üstünliklere örän baý ýyl boldy. Ine, 2020-nji ýylyň başynda hem Türkmenistanyň birinjiligini eýelän ýaş türgen üçin üstümizdäki ýyl hem şowly ýyllaryň biri bolar. Diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, 2019-njy ýylyň 19-29-njy iýun aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Aziýa çempionatyna hem gatnaşyp, IV orun eýeledi. Biz Rauf jigimize mundan beýläk hem uly-uly üstünlikleriň ýar bolmagyny hem-de Mary welaýatynyň abraýyny has-da ýokary galdyrmagyny arzuw edýäris.

 

Aýşirin ALYÝEWA

Halkara ynsanperwer ylymlary we

 ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika hünäriniň talyby

Teswirle