TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
WORLD

Dubaýda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2020” forumy geçiriler

Birleşen Arap Emirlikleriniň meşhur işewürlik hem-de syýahatçylyk şäheri hasaplanýan Dubaýda şu ýylyň 24-25-nji fewralynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2020” atly halkara forumy geçiriler. Bu halkara forumyna gatnaşmak üçin dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan hökümet wekiliýeti bilen bir hatarda  kompaniýalaryň, guramalaryň we söwda şereketleriniň 80-sinden 200-den gowrak wekilleriň gatnaşmaga isleg bildirendigi mälim edildi. Dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň hökümetiniň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum taslamalary barada pikir alyşmaga mümkinçilik alarlar.  

                       

2 günlük forumda ara alnyp maslahatlaşyljak mowzuklar şeýle:

  • Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarnamaly uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek:
  • Ozalky ýataklara ikilenç önümçiligi amala aşyrmak üçin täze tehnologiýalar ornaşdyrmak üçin maýa goýumlary çekmek:
  • Özleşdirilmegi kyn bolan ýataklara maýa goýumlary çekmek:
  • Gazhimiýa taslamalaryna maýa goýumlary çekmek:
  • Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň nobatdaky tapgyrymy amala aşyrmak:
  • Beýleki maýa goýum taslamalary.

 

Iri nebitgaz forumynyň çäklerinde daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşmaga hem-de hyzmatdaşlyk etmek we maýa goýum meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik alarlar.

Related posts

USAID Supports Environmental Audit Law in Turkmenistan

Experience a winter fairy tale with the Eastern Express in Türkiye

Events within the framework of the visit of the Minister of Foreign Affairs of the Kingdom of Saudi Arabia to Turkmenistan

Teswirle