TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Emine Ärdogan gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek BERDIMUHAMEDOWA

Gadyrly Ogulgerek!

Mähriban gaýyneneňiz Ogulabat ejäniň aradan çykmagy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim. Şu zerarly gynanjyňyzy ýürekden paýlaşýaryn.

Bu kyn döwri ýakynlaryňyzyň dogalary, dostlaryňyzyň goldawy hem-de öz güýçli ruhy durnuklylygyňyz bilen ýeňip geçjekdigiňize ynanýaryn. Gadyrly gaýyneneňiz barada Sizde galan ýatlamalar Size we maşgala agzalaryňyza durmuşda goltgy bolar.

Mukaddes Oraza aýynda çeken bu agyr ýitgiňiz zerarly çuňňur gynanjymy bildirmek bilen, merhuma Allatagaladan rehmet, ähli türkmen halkyna bolsa jan saglyk hem-de sabyr-takat dileg edýärin.

Emine ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle