TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Emeri Ispaniýa dolandy

Unai Emeri Ispaniýanyň milli futbol çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal” toparyna tälim berer. Tejribeli tälimçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Emeri Ispaniýanyň “La Liga” çempionatyny ýakyndan tanaýan tälimçileriň biridir. Ol ozal bu çempionatda “Walensiýa” hem-de “Sewilýa” ýaly güýçli toparlarda tälimçilik etdi. Ol bu toparlar bilen 3 gezek Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy.

Şeýle hem 48 ýaşly tälimçi Russiýanyň “Spartak”, Fransiýanyň PSŽ hem-de Angliýanyň “Arsenal” toparlarynda işledi.

Wilýareal” topary tälimçisi Hawýer Kalýehi bilen şertnamasyny ýatyrdy. Topar üstümizdäki ýylda çempionatda 5-nji orny eýeläp, Ýewropa ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle