JEMGYÝET

Emeli Intellekt: “Turkmenistan Weekly News” habarlar gepleşigini iňlis dilinde tomaşaçylara ýetirýär

Emeli Aň  ýa-da Emeli Intellekt (AI) soňky döwürde durmuşyn ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirip başlady. Ine, olaryň biri hem media giňişligi. “Ata Watan Media” topary bolup, dünýäde tehnologiýada bolup geçýän özgertmeleri ýakyndan yzarlap, olary öz işimize ornaşdyrmak üçin işleri alyp barýarys. Şonuň netijesinde, ilkinji işimizi emeli Intellektiň üsti bilen habarlary tomaşaçylara ýetirmekden ybarat boldy.

Biziň media toparymyz emeli Intellekti ulanmak bilen “Turkmenistan Weekly News” habaryny iňlis dilinde tomaşaçylara ýetirip başlady. Şonda habarlary iňlis dilinde emeli Intellekte okadyp, alyp baryjy ýigidimiz Ysmaýyl Orazgylyjowyň fotosuraty emeli intellektiň kömegi bilen “gepledilýär” we göýä habarlary Ysmaýyl okaýar ýaly edip görkezilýär.

Kaliforniýada mekdep okuwçysy bolan Ysmaýyl Orazgylyjowyň taýynlap, dünýä halk köpçüligine ýetirýän täze gepleşiginde häzirki döwürde taýyn sesler ulanylýan bolsa hem geljekde Ysmaýylyň sesini “klonlap” mundan soňra emeli Intellekt Ysmaýylyň “emeli intellekt sesi” bilen habarlary Size ýetirer.

Şeýle hem geljekde, “Makul Sözlüginiň” (www.makulsozluk.com )  mümkinçiliklerini ösdürip, emeli intellekte “Türkmen dilinde gepletmegi” maksat edinýäris.

Häzirki wagtda “Makul Sözlügiň” bazasynda bolan sesleri ulanyp, emeli intellektiň üsti bilen türkmen ýaşlaryna iňlis dilini öwredýän ýörite gysga gepleşikleri hem “Atavatan Tv You Tube” kanalynda şeýle hem  www.atavatantv.com saýtynda okyjylarymyza ýetirip başladyk.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatyna täze prokuror bellendi

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar