TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Emeli intellekt ilkinji gezek özbaşdak film döreder

Nemes Fabian Stelser emeli intellekt ulanyp film döretmek kararyna geldi. Lenta emeli intellekt ulgamynyň mümkinçilikleri bilen doly surata düşüriler: biri surat bilen iş salyşar, beýlekisi gahrymanlaryň sesini döreder, üçünjisi bolsa ýörite effektlere jogap berer.

Bellenilişi ýaly, film “Duz” diýlip atlandyryldy. Filmiň takyk ssenarisiniň ýokdugy bellärliklidir. Diňe takmynan hekaýa we umumy stil bar, oňa görä emeli intellekt arkaly hereketli suratlar döretmek göz öňünde tutulýar.

“Duz” atly filmde nätanyş bir zat bilen doldurylan nätanyş planeta baran kosmonawtlar hakynda gürrüň edilýär.

Ştelseriň bellemegine görä, ol bu taslamany durmuşa geçirmek arkaly emeli intellekt bilen adamlaryň döreden filmlerine meňzeş filmi döretmegi subut etmek isleýär.

Ýene-de okaň

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Uly çille

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Teswirle