TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Emeli aňda haýsy ýurt birinji orunda durýar?

Maglumat tehnologiýasy we innowasiýa gaznasynyň hasabatyna görä, emeli aň pudagy boýunça soňky ýyllarda ABŞ we Hytaý döwletleriň arasynda uly bäsdeşlik bar. Soňky maglumatlara görä, emeli aň ýaryşynda ABŞ öňdeligi saklaýar. Muňa garamazdan, Hytaý hem onuň yzyndan ýetmäge çemeleşýär. Emeli aň boýunça bäsleşýän döwletler belli bir ugur boýunça utuk toplaýarlar. Şonuň bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary 44,6 utuk bilen sanawda birinji orny eýeleýär. Hytaý döwleti 32 utuk bilen ikinji orunda, Ýewropa Bileleşigi bolsa 23,3 utuk bilen üçünji orunlarda ýerleşdiler.

Bu sanawda ABŞ-nyň ýokarlanmagyna, şol ýurduň kompaniýalarynyň göni maýa goýumlary maliýeleşdirmek ýaly ugurlarda gazanan üstünlikleri täsirli bolupdyr. Emeli aňda öňdebaryjy orunlary eýelemekde ylmy barlag we gözleg işlerine has köp çykdajy etmek esasy görkeziji bolup durýar. Bu ugurda 2019-njy ýylyň hasabaty boýunça ABŞ-nyň programma üpjünçiligi we kompýuter kompaniýalary 3 esse köp çykdajy edipdir.

Hytaý bolsa Ýewropa Bileleşiginden öňe geçmegi başarypdyr. Emma beýleki tarapdan Hytaý emeli aň ulgamlary ösdürmegiň iň möhüm ösüş zerurlyklaryndan biri bolan maglumatlary gaýtadan işlemegiň mukdary boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

Pakistanyň ozalky Prezidenti aradan çykdy

Türkiýede ýer titredi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady

Teswirle