TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Emeli aň bilen koronawirus bejergisi

Rus alymlary lukmanlara koronawirus keseli üçin iň amatly bejeriş tertibini saýlamaga kömek etjek emeli aň döredipdirler. Bu barada “RT” habar teleýaýlymy, Sankt-Peterburg maglumat tehnologiýalary, mehanika we optiki uniwersitetiniň metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Döredilen täze ulgam COVID-19 näsaglary baradaky maglumatlary seljerýär we hünärmenlere şol ýagdaýlarda bejerginiň we dermanlaryň has täsirli bolup biljekdigini aýdýar we lukmana “üçünji pikir”  hökmünde hyzmat edýär. Elbetde soňky netije lukmana bagly bolup durýar. Öndürijileriň bellemegine görä, bu emeli aň tehnologiýasy ýürek we onkologiýa kesellilere ulanmak üçin niýetlenipdir. Emma häzirki wagtda pandemiýanyň ýüze çykmagy sebäpli tehnologiýany pandemiýa garşy göreşmekde ugruny üýtgedipdirler. Bu tehnologiýa eýýäm birnäçe lukmançylyk edaralarynda synag geçirilipdir. Ol ýerdäki lukmanlaryň aýtmagyna görä, bu tehnologiýa olaryň iki esse wagtyny tygşytlaýar.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Türkiýä awiabilet satyn almagyň täze salgysy: “Hoş syýahat”

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy: Biletlerde ýene arzaladyş

Baş Redaktor

Halkara uçarlaryň ählisi Aşgabatdan amala aşyrylar :Stambul, Dubaý we beýlekiler

Baş Redaktor

Teswirle