TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Elektron kitaplaryň ähmiýeti

Kitaba çörek kimin mukaddes çemeleşseňiz,onuň berjek tagamyny wagtyň geçmegi bilen duýarsyňyz, peýdasyny bolsa halkyň eşretinde görersiňiz. Şahsyýetiň aňy ozaly bilen kitapdan, olardaky ylym-bilimden iýmitlenýändir. Okamak adamyň öz-özüni tanamagyna mümkinçilik berýän iňňän peýdaly işdir. Okamak- hünärimizi kämilleşdirmek, medeniýetimizi giňeltmek, dürs pikirlenmek, dogry ýazmak, haýyrly işler etmek üçin hökmany şert bolan zähmetdir. Öwrenilen zatlar, görülen filmler wagtyň geçmegi bilen öz täsirini ýitirýär, emma kitap hemişe ýanymyzdadyr, islendik wagt ýüz tutup bolýan paýhas çeşmesidir.

Biziň döwrümizde gyzykly kitaplary az çykdajy bilen satyn almak mümkin. Biz kitap bazarlarynda meşhur awtorlaryň 6-7  kitabyndan köpüsini satyn alyp bilmeýäris. Ýöne elektron kitaplara köp çykdajy etmegiň zerurlygy ýok, diňe gyzyklanýan eserleriňi internetden alýarsyň we hezil edip okaýarsyň. Elektron kitaplar biziň durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Elektron kitaplar- ýolda,uzyn nobatlarda we kabul edişlige garaşylýarka,wagty geçirmegiň amatly usulydyr.

Häzirki wagtda dürli ölçeglerdäki elektron kitaplar bar. Elektron kitaba 2000- 2500-e golaý eser ýeňillik bilen ýerleşýär. Köp saýtlar dürli awtorlaryň elektron eserlerini hödürleýär. Bulardan başga-da elektron kitaplar döwürleýin neşirler bilen olary satyn almazdan, öz wagtynda tanyş bolmaga mümkinçilik döredýär. Köp gazetleriň we žurnallaryň internetde öz elektron görnüşleri bar. Elektron kitaby edinen özüni ýolda ýeňil duýar we islendik edebiýata elýeterli bolar.

Ata-babalarymyz:”Hünärli är hor bolmaz,dost-duşmana zar bolmaz” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar.Adamyň elinden gelýän bir hünäri bar bolsa, nähili ýagdaýda bolanda-da, gyssaga düşende, onuň alnyndan dirär. Okap öwrenmek bilen gazanylýan ylym we onuň adama gazandyrýan mertebesi ömürlik dowam eder. Kitaby okanyňda, hem pikirlenmäge wagt bar, hem-de gerek maglumatyňa islän mahalyň gaýtadan dolanyp bolýar. Okamak hiç haçan ünsden düşürip bolmajak zerurlykdyr. 

 Laçyn HOJAÝEWA

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby

Ýene-de okaň

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Ýaşlar – eziz Watanymyzyň geljeginiň gurujylarydyr

Teswirle