TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Elektrik howpsuzlyk kadalaryny berjaý ediň!

“Türkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişe görä, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» DEK-niň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasy size ýaşaýyş jaýlary­ňyzda elektrik howpsuzlygynyň berjaý edilmeli kadalary barada şulary ýatladýar:

— birnäçe elektrik enjamlaryny bir wagtyň özünde bir elektrik paýlaýjy nokada (rozetka) birikdirmek gadagan;

— daşky gorag örtükleri zaýalanan elektrik enjamlaryny we geçirijileri (simleri) ulanmak gadagan;

— elektrik işleri geçirilende ýörite bilim derejesi bolan hünärmenleri çagyrmaly;

— hojalykda elde ýasalan elektrik enjamlaryny ulanmak gadagan;

— elektrik enjamlaryny çagalaryň özbaşdak ulanmagyna ýol bermeli däl;

— rozetkalar we ýazdyryjylar çagalaryň elleri ýetmez ýaly, ýörite gorag gapaklary bilen ýapylmaly;

— elektrik toguny köp mukdarda sarp edýän enjamlary gurnany­ňyzda, olara barýan elektrik simleriň şonça mukdardaky kuwwatlylygy göterip bilýän görnüşini geçirmeli;

— elektrik togy arkaly gyzdyrylýan enjamlary (peçleri) köp wagtlap elektrik ulgamyna birikdirilgi ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmaly däl;

— elektrik enjamlaryny we geçirijileri öl el bilen ellemek gadagan.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Teswirle