“El Klasiko”: “Real Madrid” ýeňiş gazandy

Ispaniýanyň çempionatynda “Real Madrid” bilen “Barselona” toparlarynyň arasyndaky özara duşuşyk “El Klasiko” ady bilen bellidir. “El Klasiko” duşuşygynda “Barselona” topary öz meýdançasynda “Real Madrid” toparyna 3:1 hasabynda utuldy.

Ispaniýanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynda möwsüminiň ilkinji “El Klasiko” duşuşygynda “Real Madrid” topary ýeňiş gazandy. “Realyň” ýeňiş gazanmaga bolan islegiň duşuşygyň ilkinji minutlaryndan göründi. Oýnuň 5-nji minutynda Walwerde “Real Madridi” 1:0 hasabynda öňe geçirdi. “Barselonanyň” bu gola jogaby gijikmedi. Duşuşygyň 8-nji minutynda 17 ýaşly Ansu Fati “Barselonanyň” duşuşykdaky ýeke-täk goluny geçirdi. Şeýlelikde ol “El Klasiko” duşuşyklarynda tapawutlanan iň ýaş futbolçy derejesine eýe boldy. Mundan ozal bu derejä “Real Madridli” Winisius eýe bolupdy.

Duşuşygyň birinji ýarymy 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýnuň kikinji ýarymynda Ramos 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, “Real Madrid” toparyny 2:1 hasabynda öňe geçirdi. Duşuşygyň 90-njy minutynda Luka Modriç tapawutlanyp, “Real Madridiň” 3:1 hasabynda ýeňmegine öz goşandyny goşdy.

DUŞUŞYK BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR:

  • “Real Madrid” möwsümiň ilkinji “El Klasikosynda” ýeňiş gazandy. Madridliler üçin soňky döwürde bu örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Mundan ozal 2014-nji ýyldaky çempionatyň birinji ýarymyndaky “El Klasiko” duşuşygynda ýene-de “Real” 3:1 hasabynda utupdy.
  • “Real Madrid” yzly-yzyna 2 duşuşykda, ýagny çempionatda “Kadisden”, Çempionlar ligasynda “Şahtýordan” ýeňlenden soňra başardy.
  • Federiko Walwerde “El Klasikoda” ilkinji gezek tapawutlandy.
  • Ansu Fati “El Klasikonyň” iň ýaş tapawutlanan oýunçysy boldy. Ol 17 ýaşynyň içinde tapawutlanmagy başardy. Şeýle hem Ansunyň goly “Barselona” toparynyň “E Klasikodaky” 400-njy goly boldy.
  • Serhio Ramos “Real Madrid” toparynyň düzümindäki 99-njy goluny geçirdi.
  • Messi ýene-de “El Klasikoda” tapawutlanyp bilmedi. Ol eýýäm 2018-nji ýyldan bäri tapawutlanyp bilmeýär.
  • “El Klasikodaky” utuşlar “Real Madridiň” peýdasyna boldy. “Realyň” ýeniş gazanan duşuşyklarynyň sany 98-e deň boldy. “Barselonanyňky” 96-da galdy. Topar 52 gezek deňme-deň oýnadylar.
Okap bilersiňiz  Türkmenistanda paýly gurluşyk işiniň hukuk esaslary

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

ÝENE-DE OKAŇ

Tennis dünýäsiniň esasy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Fransiýanyň açyk çempionaty (Roland Garros) tamamlandy. Onda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Ol final duşuşygynda gresiýaly garşydaşy Stefanos Sisipasy ýeňmegi başardy. Duşuşyk 6:7 (6:8), 2:6, 6:3, 6:2, 6:4 hasabynda 34 ýaşly serbiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy. Ilkinji gezek 2004-nji ýyldan bäri Fransiýanyň açyk çempionatynda ýeňiji aýgytlaýjy tapgyrda mälim boldy.
Okap bilersiňiz  Halkara gatnaşyklar instituty hojalyk hasaplaşygyna geçiriler
Jokowiç bilen Sisipas 8-nji gezek duşuşdy....
Ýewropa yklymynda Ýewro-2020 çempionaty dowam edýän döwründe Amerika yklymynda hem "Kopa Amerika" futbol ýaryşy badalgal aldy. Braziliýada geçirilýän bu ýaryşyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Onda Braziliýanyň milli ýygyndysy Wenesuelanyň milli ýygyndysy 3:0 hasabynda, Kolumbýiýanyň milli ýygyndysy bolsa Ekwadory 1:0 hasabynda utdy. Braziliýanyň düzüminda Markinos, Neýmar (11 metrlik jerime) we Gabriel Barboza tapawutlandy. Kolumbiýanyň milli ýygyndysynda bolsa Kardena tapawutlandy. "Kopa Amerikada" ertir, ýagny 15-nji iýunda...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty gyzykly duşuşyklary bieln dowam edýär. Ýewropanyň 12 şäherinde geçirilýän bu duşuşyklarda gyzykly hem-de çekeleşikli oýunlar geçirilýär. "D" TOPARY Sagat 18:00  Şotlandiýa  - Çehiýa Glazgo şäherinde geçiriljek bu duşuşyk Şotlandiýanyň 1998-nji ýyldan bäri garaşýan pursaty - 23 ýyldan bäri esasy finala çykan ilkinji ýaryşydyr. "E" TOPARY Sagat 21:00  Polşa - Slowakiýa Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek duşuşyk polşaly Robert Lewandowskiniň özüniň görkezmegi üçin...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty dowam edýär. Düýn "Ç" hem-de "D" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Sagat 18:00-daky duşuşykda Angliýa bilen Horwatiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. Olar "D" toparynda çykyş edýärler. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Rahim Sterling geçirdi. "Ç" TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY Soňra sagat 21:00 we 00:00-da bolsa "Ç" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Ilki bilen Awstriýa bilen Demirgazyk Makedoniýa...
Aýakgabyňyzy çykaryň. Ýapon medeniýetinde pollara we tatami matalarynyň mümkin boldugyça arassa bolmagyny üpjün etmek üçin bir jaýa gireniňizde aýakgabyňyzy çykarmak gowy we möhüm edep hasaplanylýar. Bu hili arassaçylyk köp öý hojalyklarda we restoranlarda talap edilýär, adamlar pola ýakyn tatami düşeginde iýýärler, krowatdan tapawutlylykda tatami düşeginde ýatmak hem adaty zat. Mundan başga-da, ähli otaglarda diňe jorap ýa-da aýakýalaňaç hereket etmegiň ýerine,...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
834TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar