TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“El-Klasiko”: “Barselonanyň” üstünligi

Şu hepdäniň ahyrynda Ispaniýanyň “La Liga” milli futbol çempionatynda “El-Klasiko” duşuşygy geçirildi. Milli çempionatyň öňdebaryjysy “Barselona” topary özüniň esasy garşydaşy “Real Madrid” toparyny kabul etdi.

Duşuşyk 2:1 hasabynda “Barselonanyň” ýeňşi bilen tamamlandy. Soňky 3 gezke geçirilen “El-Klasiko” duşuşyklarynda “Barselona” üstünlik gazanyp gelýär.

Bu gazanylan üstünlik bilen utuklarynyň sanyny 68-e ýetiren “Barselona” topary esasy garşydaşy “Real Madrid” bilen aratapawudy 12-ä ýetirdi. Şeýlelikde, “Barselona” toparynyň üstümizdäki möwsümde ispaniýada çempion bolmagyna garaşylýar.

“El-Klasiko” duşuşyklarynyň 252-njisi geçirildi. Bu olaryň arasyndaky 252-nji resmi “El Klasiko” bolup, şolarda “Real” 101, “Barselona” 100 gezek ýeňiş gazandy (52 deňlik).

Ýene-de okaň

Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndysyny taryhy ýeňiş bilen utdy

Bellingem “Real” toparyna geçdi

43 ýyldan soňra kubok gazandy

Teswirle