TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Eksportdan gelen walýuta dolulygyna döwletiň ätiýaçlyk goruna geçer

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek maksady bilen, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, resminamalar işlenip taýýarlanylanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan ugur alyndy. Şonuň bilen birlikde, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan degişli hasabatlary we maglumatlary taýýarlamagyň tertibi hem-de möhletleri anyk kesgitlenildi.

Geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasy düzülende, bar bolan mümkinçiliklerden hem-de garaşylýan çaklamalardan ugur almak göz öňünde tutulýar. Döwlet býujeti ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösmegini, önümçiligiň düşewüntliliginiň artmagyny, maýa goýumlarynyň oýlanyşykly ulanylmagyny, sanly ulgamyň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, döwlet tarapyndan hususy telekeçilige goldaw berilmegini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagyny ugur edinmelidir.

Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewi hem göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, maslahat geçirmegi tabşyrdy.

Walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seretmek

Wagtlaýyn çäre hökmünde walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seretmek mümkinçiligini öwrenmeli hem-de Hökümetiň bu ugra degişli kararynyň taslamasyny taýýarlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki wagtda önümleri eksport edýän kärhanalardan we guramalardan, şeýle hem hususy firmalardan gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň 50 göterimini däl-de, dolulygyna döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Walýutada alnan bu serişdeleriň öwezini bolsa, milli pul birliginde dolmaly.

Milli puldaky serişdelerini daşary ýurt puluna öwürmek

Häzirki döwürde harytlary, mysal üçin, zerur bolan derman serişdelerini ýa-da gurluşyk enjamlaryny satyn almak boýunça topary döretmek barada görkezme bermek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu toparyň şu maksatlar üçin kärhanalaryň we guramalaryň milli puldaky serişdelerini daşary ýurt puluna öwürmek meselesine seretmegini onuň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu işleri guramak üçin üç gün wagt berildi.

2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky karara gol çekip, resminamany Hökümetiň Başlygynyň orunbasaryna elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi. Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde düýpli işlemegi tabşyrmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş-durmuş meselesine, zähmet haklaryny ýokarlandyrmaga we bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga aýratyn üns bermeli diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň dessin çözülmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, maýalary we töwekgelçilikleri dolandyryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasynda bu ulgamyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Manadyň hümmetini durnukly saklamaga, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini we hilini giňeltmäge gönükdirilen işleri dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Merkezi bankyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Ýene-de okaň

“Ba­ga­ja” gaz kä­ni üçin tehniki enjamlar satyn alnar

Türkmenistanda dürli maksatly plastik kartlar öndüriler

Içerki bazarda tüýjümek önümler ýerlenildi

Teswirle