SIZDEN GELENLER

Ekspo sergisi barada täsin maglumatlar

“Ekspo” –  häzirki döwrüň möhüm meselelerine çözgüt tapmak üçin halklaryň arasynda geçirilýän bütindünýä ýygnakdyr. Dünýä sergisi adatça her 5 ýyldan bolup, onuň dowamlylygy 6 aýa çenli dowam edýär. Dünýä sergisine dürli ýurtlaryň halkara guramalary, raýatlary, kompaniýalary we hökümete degişli däl toparlar gatnaşyp bilýärler. Dubaý 2013-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçirilen sergide ýeňiji boldy. Dubaý  Russiýada , Türkiýede we Braziliýada geçirilen sergi bäsleşiginde ýeňip,Parižde jemleýji tapgyra çykdy.    “Ekspo-2020” bütindünýä sergisi 2021-nji  ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli Dubaý şäherinde geçer.“Ekspo-2020 bütindünýä sergisi” koronawirus pandemiýasy sebäpli 1 ýyl yza süýşürildi, emma, muňa garamazdan sergi öňki adyny saklady.“Ekspo-2020” Dubaýda 182 gün dowam eder.Bu ýerde gurlan metro bekedi dünýä ýarmarkasynyň girelgesine geçmek üçin uçar ganaty dizaýny bilen gurulypdyr.Wokzal 29 müň adamy kabul edip biler.BAE-niň pawilýonyna ýokardan garanyňda, iň uly we uçýan laçyn şekillidir.Gurluşyk işleri uly depgin bilen alnyp barylanda 71 halkyň takmynan 40 müň sany işçi wekili bu ýerde zähmet çekdi.Indiki “Ekspo” bütindünýä sergisi 2025-nji ýylda Ýaponiýada bolar.

Umytjan Azadow

A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

Oba hojalygyň mehanizasiýasy hünäriniň 105-nji toparynyň talyby.

2022-nji ýylda zähmet haklary 10 göterim köpeldiler

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr