JEMGYÝET

“EKSPO-2025”: Türkmenistanyň pawilýony barada maglumat berýän saýt

«EKSPO-2025 Osaka» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň parahatçylygyň mizemez köprüsi hökmünde gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat alyp bolar. Täsin, özüne çekiji interaktiw sergileri, innowasion pudaklaryň gazananlaryny we Merkezi Aziýanyň ýüreginden gelen taryhy gymmatlyklary synlamak, türkmen myhmansöýerliginiň esasynda türkmen saçagy bilen bezelenýörite meýdançalarda dynç alyp, wagtyňy gyzykly geçirmek bolar.

Düýn resmi taýdan gapylaryny giňden açan «EKSPO-2025 Osaka» Bütindünýä sergisi 184 gün dowam eder.

Türkmenistanyň pawilýony «Durmuş mümkinçilikleri giňeltmek» mowzukly zonada A32 ýer böleginde ýerleşýär. Ýumeşima adasyna şahsy ulag ýa-da jemgyýetçilik ulag serişdeleri bilen baryp bolar.

«Ekspo-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň pawilýony medeni mirasyň, daşky gurşaw bilen sazlaşygyň hem-de milli özboluşlylygyň döwrebap binagärlik äheňlerinde beýan edilmegidir.

Üç gatdan ybarat bolan pawilýon ýokardan seredeniňde owal görnüşli ýumşak üçburç görnüşe eýedir. Bu aýratyn şekil täzelenişi, durnukly ösüşi we ýaşaýşyň akymyny aňladýar. Şeýle-de pawilýonyň binagärlik çözgüdi onuň daş-töwereginde tebigy mikroklimat emele getirip, tomus aýlarynda myhmanlara salkyn we amatly gurşawy üpjün edýär.

Pawilýonyň üçegi türkmen halkynyň gadymy milli şaý-sepleriniň biri bolan gülýakadan ylham alýar. Onuň tekiz we aýdyň egrem-bugram çyzykly gurluşy sazlaşygy we gözelligi şöhlelendirýär. Binanyň daş keşbi bolsa ýurdumyzyň giň çäklerini eýeleýän Garagum sährasyndan ruhlanýar.
Pawilýonyň birinji gatynda ýerleşýän döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan görkezme zaly myhmanlara ýurduň taryhyny, medeniýetini, ykdysady ösüşini we tebigy baýlyklaryny giň panelli ekranlarda, ýagtylyk we saz bilen utgaşdyrylan  animasion-şüweleň arkaly çuňňur duýmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň pawilýonyndaky sergiler diňe bir milli mirasyň görkezmesi bolman, eýsem türkmen halkynyň dünýä beren bütin adamzat ähmiýetli mirasynyň dabaralanmagydyr. Her bir elde dokalan türkmen halysy, inçe gölleri we çuň manyly nagyşlary arkaly müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhyň hem-de däp-dessurlaryň rowaýatyny gürrüň berýär.
Osakadaky “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň pawilýony bilen tanyşmak üçin “https://expoturkmenistan.com/” saýtyna girip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Ýaş nesliň saglygyny goramak – ileri tutulýan wezipe

Haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleri Özbegistanda saparda bolarlar

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ýapon-türk hyzmatdaşlygynda täze karbamid zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

«Kudo Kudo» restorany: Aşgabatda täze nokadyny açdy