TEHNOLOGIÝA

Ekrany hereket edýän smartfon

Günorta Koreýanyň “LG” kompaniýasy “CES 2021” tehnologiýa sergisinde “LG Rollable” açylyp ýygnalýan ekranly smartfonyny hödürledi. Smartfon oňyn täsir galdyrdy.

“LG” kompaniýasynyň resmi wekili “LG Rollable” smartfonynyň şu ýylyň ahyrynda satuwa çykaryljakdygyny resmi taýdan tassyklady. Käbir bilermenler telefonyň haçan bazara çykjakdygy baradaky çaklamalary çap edip başladylar. Iň soňky çaklama görä, enjamyň sentýabr aýynda satuwa çykaryljakdygyny aýdylýar. Çeşme “LG Rollable” smartfonynyň ABŞ-daky bahasynyň 2560 dollar töweregi boljakdygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, “Samsung” hem-de “Huawei” ýaly kompaniýalaryň eplenýän smartfonlarynyň hem ilki satuwa çykan döwründe bahasynyň gymmat bolandygy mälim edilýär. Ýöne şeýle telefonlarayň köpelmegi bilen bahalar pese gaçdy.

Şeýle telefonlary öndürmek aňsat däl. Ýöne “LG” kompaniýasynyň bu ugurda tejribesi bar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

Ýene-de okaň

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri

“Google” umumy bahasy 2 trillion dollardan geçen ABŞ-nyň dördünji kompaniýasy boldy

Türki döwletleri bilelikde kosmosa emeli hemra ibererler

“Samsung” ýene-de birinjiligi eýeledi