No menu items!
5.8 C
İstanbul
19/02/2020 8:19
No menu items!
Ana Sayfa EKONOMİ Türkmen ykdysadyýeti 6,3 göterim ösdi

Türkmen ykdysadyýeti 6,3 göterim ösdi

Şu ýylyň 8-nji  fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2019-njy ýylyň jemlerine seredildi. Mejlisiň dowamynda edilen hasabatlara laýyklykda, Türkmenistanyň ykdysadyýeti 2019-njy ýylda 6,3 göterime eýe boldy. Hasabat döwründe senagat pudagynda ösüş depgini 4,1, söwdada 14,2, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 göterime barabar boldy. Önümleriň eksporty 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 4,6 göterim ösdi hem-de 9 milliard manatdan hem artdy.

Geçen ýylyň dowamynda 11 müň täze iş orny döredildi. Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde gurluşyk pudagyna 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlary goýuldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi.

Oba hojalygy pudagynda oňat netijeler gazanyldy. Ýurdumyz boýunça 1 million 700 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million tonnadan hem köp pagta taýýarlandy.

2019-njy ýylda meýdany 1,5 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi we müňlerçe maşgalalar jaý toýlaryny toýladylar.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2019-njy ýylda söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 21,2 göterim artdy.  Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça geçen ýylda birža söwdalarynyň jemi 251-si geçirilip, 31 müň 56 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 44,6 göterim artdy. Söwda-senagat edarasy boýunça 2019-njy ýylda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 48,6 göterim artdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary boýunça geçen ýylyň dowamynda, 2018-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, senagat önümleri 41,5 göterim, oba hojalyk hem-de azyk önümleri 28 göterim köp öndürildi. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda öndürilen azyk harytlarynyň daşary ýurtlara iberilen möçberi 66,2 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň möçberi 11,2 göterim artdy.

Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginde ýokary netijeler gazanyldy. Umuman alanyňda, önümçiligiň düzüminde önümleriň 65,3 göterimi hususy telekeçileriň paýyna düşdi.

SON HABERLER

Üstünlik

Dünýäde ýaşamaklygyñ özi biziñ paýymyza düşen üstünlik. Ol üstünligiñ köki ahlak, sütüni wyždan, ýapragy ýaşaýyş, özeni "adam" diýen mukaddes ada mynasyp bolmak. Oýlanyp göreliñ... Ahlak...

Säheriň kalbynda päklik bar ýa-da ilkinji ädimler säherde ädilýär

Hal atan säheriň keşbine bakyp, nazarymy uzaklara dikýärin. Bu görnüşe bakanymda, näme üçindir, her gezegem säher gözýaş döküp kalbyny päklän derwişler göz öňüme gelýär. Belki-de,...

Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar

Hemmeleriň bilýän, emma üns bermeýän hakykaty hakynda Hemmeleriň üstünlik gazanasy gelýär. Eýsem, üstünlik bu näme? Düşündirişli sözlüklere göz aýlasak, üstünlik – birinden üstün bolmak ýa-da ...

Uzak ýaşamagyň syry

Adamlaryň hemmesi bolmasa-da, köpüsi uzak ýaşamak isleýär. Iň bolmanda, meniň gatnaşyp ýören adamlarym-a şeýle. Doglan günlerde ýa-da täze bäbek doglanynda hökman uzak ýaş dilenilmegi...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?