Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, sagdynlaşdyrmak bilen birlikde, ony baýlaşdyrmak babatda hem beýik işler durmuşa geçirilýär. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 − 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» innowasiýalara daýanýan, ekologiýa taýdan amatly «ýaşyl» tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly we toplumlaýyn ösdürmek meýilleşdirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek dabarasy arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändigine şaýatlyk eden daşary syýasy üstünlik boldy.
Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda BMG hem-de onuň düzüm birlikleri, hususan-da, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen bilelikde milli we sebitleýin derejedäki onlarça taslamalary durmuşa geçirýär.
Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň kabul eden halkara hukuk resminamalarynyň hatarynda «Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşini, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» görkezmek bolar.
Ýurdumyzda ekologik ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ony geljekki nesillere ýetirmek üçin ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek möhümdir. Tebigatymyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamakda ata-babalarymyz ägirt uly aladalary edipdirler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tebigatymyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda alyp barýan döwletli syýasaty bize görelde mekdebidir. Her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeginde ýüzlerçe müň düýp agaç nahallary, saýaly we miweli baglary oturtmak indi asylly däpe öwrüldi. Bu ýörelge ýurdumyzyň ekologiýasyny gowulandyrmaga, tokaý zolaklarynyň gerimini giňeltmäge uly ýardam berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem döwletimizde ýazky bag ekişlik dabarasy geçirildi.
Elbetde, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň giň gerimde durmuşa geçirilmegi hem kalplardaky buýsanjy artdyrýan ýagdaýdyr. Ajaýyp zamanamyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň netijesinde hem Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze tokaý zolaklary döredilip, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşulýar.
Ýurdumyzy jenneti, gül-gülälekli mekana öwürmekde beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Haýdar Gulamow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Ekologiýa we umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy.