TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ekologiýa howpsuzlygy we abadançylyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

Diýarymyzyň her bir ýaşaýjysy tebigaty goramakda öz jogapkärçiligini duýmalydyr”.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär.

Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar. Alymlaryň arasynda umumy ykrar edilen garaýyşlara görä, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi tebigy we adam tarapyndan daşky gurşawa ýetirilýän täsirleriň netijesinde ýüze çykýan howplardan jemgyýetçilik köpçüligini hem-de döwletiň goraglygyny üpjün edýär.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň milli Liderimiziň üns merkezinde durýandygyny aňladýar. Tebigatyň ýagdaýyna baha bermäge ýardam edýän daşky gurşawy kadalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň ulgamy durnukly ösüş konsepsiýasynyň maksatlary bilen sazlaşýar. Bu toplumlaýyn çäreleriň hatarynda ykdysadyýetiň ekologiýalaşmagy we onuň tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy bilen sazlaşykda alnyp barylmagy, ekologiýa seljermesiniň geçirilmegi, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly netijeli çäreler bardyr.

Milli Liderimiz ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyny Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde ünsi çekýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Häzirki döwürde bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň» we «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň» hem-de giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde tebigaty goramak, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary şeýle-de tebigy gorlary aýawly saklamak ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, dünýä bileleşiginiň bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary goldanylyp, senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga geçmek işi amala aşyrylýar. Ýangyç-energetika, dokma we beýleki toplumlaryň kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. Täze önümçilik düzümini gurmak hem-de häzir hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrmak işi daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de tehniki çözgütleri ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär.

Türkmenistan ýurdumyz BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda daşky gurşawy goramak baradaky ähli wezipeleri netijeli çözýär. Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, «Garabogazkarbamid» zawody, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody we abraýly guramalaryň bu desgalaryň daşky gurşawa howpsuzdygyny tassyklaýan güwänamalar gowşurylan beýleki birnäçe toplumlar munuň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamdaky iri möçberli maksatnamalaryň esasy ugurlary hökmünde tygşytlaýjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny durmuşa geçirmek, dürli ähmiýetli, şol sanda infrastruktura desgalarynyň gurluşygynda öňdebaryjy tejribäniň giňden ulanylmagy bolup durýar. Täze inžener-tehniki işläp düzmeleriň hatarynda Marydaky bug-gazly elektrostansiýasy bar. Onuň täzeçilligi, ykdysady netijeliligi we ekologiýa howpsuzlygy Şweýsariýanyň federal tehnologiýa institutynyň, «Max Plank» energiýa institutynyň, Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň güwänamalary bilen tassyklandy. Umuman alanyňda, mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklaryny we köpdürlüligini artdyrmaga we gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleriň geçirilmegi arkaly milli Liderimiziň düýpli we öňdengörüji syýasaty netijesinde amala aşyrylýan giň möçberli işler Watanymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir.

Türkmenistan ýurdumyz öz ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, serişdeler bilen bagly mümkinçilikler, durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilikler berýär. Hormatly Pezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap we kämil ekologik medeniýeti kemala getirmekde we ösdürmekde alyp barýan işleri ýaş nesilde ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen täsin tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge mümkinçilik berýär.

Şanazar Muhyýew,

Türkmenistanyň

Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary

institutynyň talyby.

Ylmy ýolbaşçysy: Gülşirin Agaýewa,

Türkmenistanyň

Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary

institutynyň mugallymy.

 

Tagan Saryýew: «Annam brigatly» söhbet

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle