TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ekiz çagalaryň dünýä rekordy

Dünýäde ekiz çagalaryň dogluş derejesi ähli taryhy rekordlary goýýar. Bu barada “Human Reproduction” atly žurnal tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesi subutnama edýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, häzirki wagtda dünýä inýän her 42-nji çaga ekiz bolýar. 30 ýylda ekizleriň umumy dogluş derejesi üç esse ýokarlanypdyr. Bu diýmek bolsa her ýyl dünýäde takmynan 1,6 million ekiz çaga dünýä inýändigini aňladýar.

Milli tebigy taryhy muzeýiň professory Žil Pizon bütin dünýäde ekizleriň sanynyň köpelmeginiň iki sebäbi bardygyny belleýär. Olaryň birinjisi bu ekizler köplenç dogulýan emeli tohumlandyrmagyň ösüşidir. Bular esasan ösen ýurtlarda bolup geçýär. Ikinjisi bolsa köp ýurtlarda zenanlaryň özüniň çagalaryny giç dünýä indirmegi bolup durýar.

Gözlegçiler topary 2010-2015-nji ýyllarda dünýä ilatynyň 99% ýaşaýan 165 ýurtda ekizleriň dünýä inişi barada maglumat ýygnadylar. Deňeşdirmek üçin bolsa olar 1980-1985-nji ýyllaryň statistikasy aldylar. Netijede ekiz çagalaryň sanynyň köpelmegi esasan Aziýada, Demirgazyk Amerikada we Ýewropada ýüze çykýandygyny bellediler.

 

“THY”: Türkiýä geljek ýolagçylar üçin maglumat

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýokary kazyýetiň başlygy täzelendi

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle