TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ekerançylygyň gelejegi

Howanyň  üýtgemegi ekerançylygyň ýüzbe-ýüz bolýan köp kynçylyklaryndan biridir.  John Deer bu kynçylyklary çözmek üçin ägirt uly tagallalary edýär. Onyň öňe sürýän ýörelgeleri üç esasy tehnologiýa geljegini emele getirýär: Elektrikleşdirmek, Sürüjisiz dolandyrmak  we emeli intellekt.

John Deeriň täze sürüjisiz traktoryykjam elektrik hereketlendiriji bölüm.  Traktoryň umumy öndürijiligi 500 kWt bolup, tigir ýa-da ýoda şekilli ýörediji bölüm bilen enjamlaşdyrylyp bilner.  Bu çözgütler topragyň gysylmagyny azaltmaga kömek etmek edýär. Elektrik hereketlendirijisiniň kömegi bilen işlenilen gazy çykarmaýar we ses derejesi gaty pes.  Goşmaça artykmaçlyklar haýal könelmek we tehniki hyzmat üçin az çykdajylary öz içine alýar.

John Deer we “Volocopter” tarapyndan bilelikde döredilen awy pürküji uly dronyň diametri 9,2 m bolup, 18 rotor bilen işleýär.  Çalyşýan litiý-ion batareýalary bilen iýmitlenýän doly elektrik hereketlendirijisi bar.  Bir batareýa zarýady 30 minutda uçuş wagtyny üpjün edýär we ‘VoloDrone ‘uzakdan we awtomatiki usulda öňünden meýilleşdirilen ugurda işledilip bilner.

Bu täze sürüjisiz awy pürküji, adaty öz-özi hereketlendiriji pürküjilerden has ýeňil we 560 litr suwuklyk saklamaga niýetlenen gaby bar.  Ýagyşdan soň ýa-da zerur bolanda içi suwly meýdanlara hem topragyň gysylmagyna sebäp bolmazdan girip biler.  1,9 m beýiklik  we dört özbaşdak dolandyrylýan tigirler  ony gaty köpugurly edýär.

Gör we sepele, “See and Spray” tehnologiýasy bilen ýokary çözgütli kameralar sekuntda 20 sany surat almaga ukyply.  Suratlara we emeli intellektlere esaslanyp, ulgam aýratyn ösümlikleri bejermek üçin ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikler bilen haşal otlary tapawutlandyrmak mümkin-çiligine eýe.  Öz awuly serişdelerini takyk haşallara sepmek bilen bu ulgam zyýanly serişdeleriň daşky gurşawa düşmegini ep-esli azaldýar.Sürüji kabinasynyň geljekdäki görnüşi emeli intellekt üçin täze mümkinçilikleri açýar.  “Joystick” dolandyryşy, duýgur ekranly displeý we ähli maşyn bölekleriniň ulgamy bilen sazlaşýan  düýbünden täze iş düşünjesi.  Howa maglumatynyň hakyky wagtyny, aýratyn deslapky sazlamalary we iş dolandyryş proseduralaryny birleşdirip, bu kabina oba hojalygy üçin tutuş parky dolandyryjy buýruk merkezine öwrülýär.

  Aşyrow Serdar.

Durdymädow Allamyrat.

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymlary

 

18-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle