TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Eje

Tümligi nurlaýan şamçyrag ýaly,

Ýollaryma ýagty saçýarsyň eje.

Käteler umydym söndürse durmuş,

Mähirli ýylgyryp guçýarsyň eje.

 

Aýdan hüwdileriň düşýär ýadyma,

,,Jan” sözün goşýarsyň goýan adyňa.

Birden maňa dert gelen badyna,

Didäň ýaşyn gizläp gelersiň eje.

 

Käteler ýanyňdan alysa gitsem,

Geljek ýollaryma güller bitirsiň.

Bir söz diýe bilmän gaşlarym çytsam,

Diýmänkäm deredimi duýarsyň eje.

 

Durmuş öwrümleri dostdan aýyrsa,

Kynçylyk baş ýaýkap jandan doýursa.

Ähli zat, ähli zat meni unutsa,

Diňe meni ýatlap gelersiň eje.

 

Unutdyňmy?

Unutdymmy,

Unutdyňmy,

Ýa unudan boldummy men,

Hyýallarym elden alyp,

Parhsyz bakyp güldüňmi sen.

 

Kejir bolup bakdy ykbal,

Oýun edip ýakdy ykbal.

Etme kine, etme hyýal,

Meň dünýämde diňe sen bar.

 

Jana jepa berdik diňe,

Geljegiňe seret siňe.

Il gözünden goraglanyň,

Ýitirdiň sen misli iňňe.

 

Şol iňňäňi gözläp şindem,

Ýaşaýarsyň alyslarda.

Bir-birine sepleşip dur,

Şu gün, düýni galdyrsada.

 

Geçdi ýyllar golun galgap,

Galdym munda gülüp, aglap.

Gidip otyr alys ýollar,

Ýollumyzy ýola baglap.

 

Dolanarça wagt boldy.

Garaşdyga bagt geldi.

Yşkymyzyň päk hakyny,

Geçen günler nagt aldy….     

 

                                      

Küýsedim

Saýgaramok ak garany,

Günler dyrnar kalp ýaramy.

Yşkdan gurup galamy.

Men diňe seni küýsedim.

Ak kagyza gara sürtip,

Kä nagyşlap käte ýyrtyp,

Geçdi günler ömür kertip,

Men diňe seni küýsedim.

Seniň giden ýoluň gözläp,

Käte dymyp käte sözläp.

Gussalarmy kalpda gizläp,

Men diňe seni küýsedim.

Şygyrlardan bina edip,

Seň adyňy sena edip.

Yşkymyzy pena edip,

Men diňe seni küýsedim

Artdyryp ýyllaň ýüküni,

Özüme etdim hökümi.

Yşkdan sorap hakymy,

Men diňe seni küýsedim.

 

Ýatlaýan seni.

Aýlar geçer bir-birinden aýlanyp,

Gidibirin uzak ýola şaýlanyp.

Onsoň ýene ilden çete saýlanyp,

Ýagyş ýaganynda ýatlaýan seni.

 

Asman nagra dartyp zaryn aglady,

Bu ýagyşlar kalbymyz baglady.

Ýatlamalar bir-birine baglydy,

Ýagyş ýaganynda ýatlaýan seni.

 

Ýuwýar ýagyş goja baglaň başlaryn,

Ýola bakyp gözlerimi ýaşlaryn.

,,Geler” diýip çöken göwnüm hoşlaryn,

Ýagyş ýaganynda ýatlaýan seni.

 

Barmy indi bu derdimiň dermany,

Berip bilmen bu yşkyma permany.

Bolaňda-da düýnlerimiň armany,

Ýagyş ýaganynda ýatlaýan seni.

Gunça ORAZOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle