TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Egin-eşik satyn almaryn!

Jeýn Fonda:

“Men indi eşik satyn almaryn.” Meşhur aktrisa Jeýn Fonda özüniň durnukly ekologdygyny subut etmek üçin eşik satyn almajakdygyny aýtdy.

“Oskar” baýragynyň eýesi, film ýyldyzy Jeýn Fonda hem aktrisaçylyk üstünliklerinden soň durnukly daşky gurşaw aktiwistidigini subut etdi. “Taýms” gazetine beren beýanatynda, 82 ýaşly sungat işgäri mundan beýläk eşik satyn almajakdygyny beýan etdi. Meşhur aktrisa her anna güni Waşingtonda 2019-njy ýylyň ahyrynda we 2020-nji ýylyň başynda geçiriljek howanyň üýtgemegi garşy göreş çärelerinde saçlaryny boýamazlyk kararyna gelendigini mälim etdi.

Fonda: “Egin-eşikler doly gaýtadan işlenip bilinýän bolsa we hemmesi durnukly zatlardan ýasalan bolsa, men oňa goldaw bererin” diýdi. Fonda, 92-nji Oskar baýrak gowşurylyş dabarasyna hem nyşana öwrülen gyzyl paltosyny eline alyp çykypdy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Moskwada saparda bolar

Teswirle